ZENAN — ZEMIN ZYNATY

Türkmen topragyna owadan ýaz paslynyň gelmegi bilen, üsti ala garly daglardan inýän jana melhem suwlar akyp, sähralarymyz çemenzarlyga, ýaýlalarymyz lälezarlyga öwrülýär. Alaň-alaň depelerimiz, ymgyr çöllerimiz owlak-guzularyň mäleşýän owazyna dolup, tebigata täsin sazlaşyk berýär. Ekinzarlyklarymyzda ak bugdaýlar gök maýsa bolup, Zemine jadylaýjy öwüşgin çaýýar. Baharda türkmen tebigaty täzeden janlanýar, keramatly topraga bereket ýagýar.

Türkmen baharlary kimin owadan zenan kalbynyň şuglasy öýlerimizi bagta dolduryp, Watanymyzyň bagtyýar şu gününe, ýagty geljegine röwşen nuruny çaýýar. Çünki türkmen halky täzeçe ýaşap, uly hyjuw, uly joşgun bilen toý-baýramlara, beýik ýeňişlere beslenýän döwürde zenanlaryň mertebesiniň dabaralandyrylmagynda aýratyn many, çuňňur mazmun bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary tizliginden gözbaş alyp, batly gadamlar bilen şöhratly geljege barýan ýurdumyzyň mähriban gelin-gyzlary ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, saglyk, ylym-bilim ulgamlarynda joşgunly we tutanýerli zähmet çekýärler. Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Älem gözellikleriniň iň ajaby zenanyň ruhy dünýäsidir. Ol tebigatyň gözellikleri, baýlyklary ýaly göze görünmeýär. Ynsanyň ähli hereketleri durmuş ýoly, ykbaly, jemgyýetde eýeleýän orny we ruhy dünýäsi bilen berk baglydyr. Ruhy dünýäsi baý ynsan dünýäde iň baý adamdyr. Şol uly baýlygyň eýesi türkmen zenanydyr. Ene — mu­kad­des­lik. Türk­men zenany her bir döwürde-de türkmeniň başynyň täji, synmaz tugy, mukaddesligiň nyşany hasaplanypdyr. Ol tutuşlygyna mähre ýugrulandyr. Şol mähirdir söýgüden dünýämiz nurlanýar. Zenanyň ruhy dünýäsi mähek daşydyr. Mähek daşy bolsa sap altyn tanamakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatbaha daşdyr.

Türkmen gözeliniň edep-ekramy, asyllylygy, mylaýymlygy hakynda gürrüň edilende bägül kimin gözelleriň ajaýyp keşpleri ýaly olaryň owadan ruhy dünýäsi göz öňüňe gelýär. Uz barmaklaryndan dörän zer jähekli begresi geýip, ýeriň gaýmagyny bozman uz ýöreýşi, şirin zybany, mähir-muhabbetden pürepürlenen näzik duýgusy, gülden görklenen gözel keşbi görenleri haýrana goýýar.

Milli Liderimiz mähriban halkyna, Watanyna, şol sanda azat, erkin, bagtyýar türkmen zenanlaryna täze bagtyýar döwrümize öwüşgin çaýýan eşretli ýaşaýşy bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň bagtyýar zenanlarynyň ruhy mertebesini arşa galdyrdy.

Enelerimizi, mähriban gelingyzlarymyzy hormatlap baýramçylyk sowgatlaryny bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nargül AŞYROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

07.03.2019ý.

Meňzeş habarlar