BILIMLI NESIL — WATANYMYZYŇ KUWWATY

Ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlarymyzyň okuw hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri, hal-ýagdaýlary bilen ýakyndan tanyşmak, olar bilen wagyz-nesihat işlerini geçirmek babatdaky tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden ybarat iş toparynyň düzüminde Ukraina döwletiniň ýokary okuw mekdeplerine bardyk. Biz ol ýerde bilim-terbiýe alýan türkmen ýaşlarynyň arasynda bolanymyzda şeýle buýsançly durmuş hakykatlaryna ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.

Iş toparymyz ol ýerde bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ukraina döwletindäki ilçihanasynyň wekiliniň ýolbaşçylygynda Ukrainanyň Kiýew, Harkow we Odessa şäherlerindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyz, şeýle-de şol ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçy düzümleri we mugallymlary bilen täsirli duşuşyklary gurady. Duşuşyklaryň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmeleri, şol sanda milli bilim we ylym ulgamlarynyň işini hil taýdan halkara ülňülerine ýetirmekde, sanly bilime geçmekde, senagat pudagyny ösdürmekde, dünýä ylmynyň iň täze gazananlaryny özleşdirmekde, şeýle döwletli tutumlardan ugur alyp, ýokary derejeli milli hünärmenleri taýýarlamakda ýetilýän belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlarymyzyň başarjaňlyk bilen ele alýan hünärleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýän wajyp özgertmeleriniň geljekde hem rowaçlyklara beslenmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Bu babatda ukrainaly hyzmatdaşlaryň ýokary bilimli türkmen hünärmenlerini taýýarlamakda berýän goldaw-hemaýatlaryna hoşallyk bildirildi. Täsirli duşuşyklaryň dowamynda türkmen talyplarynyň ukrainaly deň-duşlary bilen bilelikde taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Talyplar bilen sowal-jogaplaryň alşylmagy, olaryň okuw hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan tanşylmagy wekilçilikli toparyň iş saparynyň täsirliligini, netijeliligini has-da artdyrdy.

Biz iş saparymyzyň dowamynda Ukraina döwletiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim-terbiýe alýan, hünär öwrenýän türkmen ýaşlarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Altymyrat GULMYRADOW,

M.P.Dragomonow adyndaky milli mugallymçylyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby:

— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ata Watanymyzyň beýik geljegini hemişe ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almagy bilen berk baglanyşdyrýar. Ýaşlaryň ýurdumyzyň güýç-kuwwatydygyny, abraý-mertebesidigini, beýik geljegidigini hemişe buýsanç bilen nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bular barada «Türkme­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýylynyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan taryhy duşuşygynda hem öwran-öwran nygtandygyny eşidenimizde buýsançly başymyz has-da belende göterildi. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim-terbiýe alyp, göwün islän hünärle­ri­mi­ze eýe bol­ýan biz — ýaş­la­ryň baş maksadymyz milli Liderimiziň özümize bildirýän ýokary ynamyny ödemekden, ata Watanymyzyň gülläp ösüşine öz saldamly goşandymyzy goşmakdan ybaratdyr.

Öňümizde durýan şeýle asylly maksada abraý bilen hötde gelmekde ähli ukyp-başarnygymy, zehinimi orta goýup okaýandygymy buýsanç bilen nygtasym gelýär. Munuň özi sapaklaryma hemişe bäşlik bahalar bilen ýetişmäge mümkinçilik berýär. Nesip bolsa, okaýan ýokary okuw mekdebimi tapawutlanan diplom bilen üstünlikli tamamlaryn diýen ynamym bar. Biz — ýaş­la­ra oka­ma­ga, bi­lim al­maga, ylym öwrenmäge, hünär edinmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Täjigözel ALLAMYRADOWA,

Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby:

— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň, şol sanda dünýäniň dürli künjeklerinde döwrebap bilim almaklary, ylym, hünär öwrenmekleri babatda döredýän müm­kin­çi­lik­le­ri­niň biz — ýaş­larda uly ruhubelentlik döredýändigini turuwbaşdan nygtasym gelýär. Bile okaýan deň-duşlarymyzyň okuwda gazanýan üstünlikleri muňa doly şaýatlyk edýär. Nesip bolsa, okuwymyzy tamamlap, arzuwly hünärimizi ele alyp, eziz Watanymyza dolanyp bararys hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda giň gerimde alyp barýan özgertmeleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegine mynasyp goşandymyzy goşarys.

Biz Kiýew şäherindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaş­la­ry bo­lup, «Gö­zel­ler» tans to­pa­ry­ny hem-de «Ga­ra­gum» folk­lor to­pa­ry­ny dö­ret­dik. «Gö­zel­ler» tans toparyna özüm ýolbaşçylyk edýärin. Bu toparlarymyz uniwersitetimizde hemde uniwersitetara geçirilýän bäsleşiklerde, şeýle-de dürli çärelerde yzygiderli çykyş edýärler. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan guralýan ähli çärelerde hem aýratyn işjeňlik görkezýärler. Çykyşlarymyzyň hemmelerde uly gyzyklanma döredýändigini buýsanç bilen belläsim gelýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny tutuş dünýäde wagyz etmek baradaky atalyk sargytlaryna mynasyp jogabymyzdyr. Biz — ta­lyp ýaş­lar he­mi­şe hor­mat­ly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryny duýup ýaşaýarys. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.

Ýazga geçiren Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

07.03.2019ý.

Meňzeş habarlar