«RUHY MIRASDAN» ÝAŞLAR SÖZ AÇÝAR

Hormatly Prezidentimiz: «Milli miras ynsan kämilliginiň gözbaşydyr, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir» diýip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan milli mirasymyzyň egsilmez ruhy güýjüne, ýedi yklymda hoşniýetlilik we dostluk baýdagyny parladan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýar. Şeýle hem maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda uly tagallalary edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýy­lyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyndaky «Ylmy ösdürmek, milli mirasymyzy şöhratlandyrmak we wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, beýleki guramalaryň we ähli ideologiýa ulgamynyň işiniň möhüm ugruna öwrülmelidir» diýen ajaýyp sargytlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hereket edýän «yashlar.gov.tm» saýtynda «Ruhy miras» ady bilen täze rubrika döredildi. Bu rubrika birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Onda halkymyzyň durmuşyny, ykbalyny, sözüniň hem-de sazynyň şirinlik gymmatyny özünde jemleýän hazynamyz bolan pederlerimiziň pähim-paýhasyndan syzylyp, şu günlerimize gelip ýeten parasatly sözleri, türkmeniň klas­si­ki şa­hyr­la­ry — Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Mollanepesiň, Magrupynyň, Mätäjiniň, Seýdiniň, Zeliliniň, şeýle hem ruhy mirasymyzyň öçmejek sütünleri bolan Ata Gowşudow, Beki Seýtäkow, Ýylgaý Durdyýew, Gara Seýitliýew, Allaberdi Haýydow, Mämmet Seýidow, Berdi Kerbabaýew, Nazar Gullaýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Nurmyrat Saryhanow, Aman Kekilow, Nury Baýramow, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Aşyrberdi Kürt ýaly edebiýatyň görnükli wekilleriniň ýaşlara nusgalyk eserlerinden hödürlener. Durmuş pursatlaryndan oýlanmalardyr tymsallar ýaşlar köpçüligine ýetiriler.

Atalar sözi we nakyllar halkymyzyň durmuşyny, pähim-paýhasyny, pelsepesini, dünýägaraýşyny, synçylygyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Şonuň üçin «Ruhy miras» rubrikada Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda çap bolan «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan dürdäneler yzygiderli ýerleşdiriler.

Umuman, «Ruhy miras» rubrikasy ýaşlara milli mirasymyzyň gymmatyny düşündirmekde, Watanymyzyň şanyny arşa galdyrmakda goşant goşan şahsyýetlerimiziň mertebesini belende götermekde, olarda watansöýüjiligi, kämil döredijiligi kemala getirmekde ýardam eder. «yashlar.gov.tm» saýtynyň işi geljekde hem kämilleşdirilip, onuň hyzmatlarynyň gerimi bolsa has-da giňeldiler.

Watan, döwlet, adam hakda beýik işleri bitirýän, ösen tehnologiýalardan peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Umyda ŞYHYMGULYÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

“Nesil” gazeti,

05.03.2019ý.

Meňzeş habarlar