Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherindäki «Erudit» ylym-bilim merkeziniň guramagynda dünýäniň zehinli mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän internet olimpiadasynyň bäşinji tapgyry geçirildi. Dünýäniň birnäçe döwletlerinden 174 okuwçylaryň arasynda dürli dersler boýunça geçirilen internet olimpiadasy birnäçe günläp dowam etdi.
Internet arkaly geçirilen olimpiadada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň görkezen netijeleri boýunça Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Aýgül Atdyýewa iňlis dili, taryh, himiýa derslerinden birinji, biologiýa dersinden ikinji, Weli Ýaýlymow matematika we informatika, taryh derslerinden, Arzygül Muhiýewa, Mukam Ezizow, Rüstem Saryýew taryhdan birinji orny eýelediler. Şeýle hem himiýa dersinden Bibigül Amanowa bilen Tuwakmämmet Mämmedamanow birinji orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Mundan başgada, Aşgabat şäherindäki 75-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Raşit Hezretow rus dilinden üçünji, taryh dersinden birinji orny, paýtagtymyzdaky 37-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maýsa Hudaýberdiýewa bolsa taryhdan birinji orny eýelemegi başardylar.
Aşgabat şäherindäki 84-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Maksut Babakulyýew bilen Gökdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Meýlis Merdanow dagy taryhdan birinji orna, Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýgül Ýusupowa bolsa himiýa dersinden birinji, fizika dersinden bolsa üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Mekdep okuwçylaryny gazanan bu ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Arzygül MUHIÝEWA,
Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy:
— Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine berilýän üns-alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ähli amatlyklary bolan synp otaglarynda bilim alýan mekdep okuwçylaryna okuwdan boş wagtlaryny ýerlikli geçirmekleri üçin döwrebap tejribe otaglarynda gyzyklanýan ugurlary boýunça iş alyp barmaklaryna hem giň mümkinçilikler döredilýär. Döredilip berilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp biz — ýaşlar öz ukyp-başarnygymyzy artdyrmak maksady bilen halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarys.
«Erudit» ylym-bilim merkeziniň internet olimpiadasyna ýurdumyzyň adyndan zehinli deň-duşlarym bilen birlikde, maňa-da gatnaşmak miýesser etdi. Internet olimpiadasynda taryh dersinden guramaçylar tarapyndan taýýarlanan test görnüşindäki soraglara jogap berdik. Olimpiada rus dilinde alnyp baryldy.
Daşary ýurt dillerinde geçirilýän halkara olimpiadalaryň hiç biri biziň üçin kynçylyk döretmeýär. Sebäbi biz — ýaşlaryň dünýä dillerini kämil öwrenmegimiz üçin hormatly Prezidentimiz ähli zerur şertleri döredip berýär. Bu bolsa ylma, bilime bolan höwesimizi hasda artdyrýar.
Aýgül ÝUSUPOWA,
Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy:
— Men häzir durmuşymyň iň manyly, ýatda galyjy we göwün göteriji pursatlaryny başdan geçirýärin. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary bilen birlikde, internet olimpiadasyna gatnaşyp himiýa dersinden birinji, fizika dersinden bolsa üçünji orna mynasyp boldum. Bu ýeňiş meni ylym dünýäsinde täze gözleglere ruhlandyrýar. Gazanan ýeňşimiň özeninde halypa mugallymlarymyň irginsiz yhlasyny, Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasyny görýärin.
Häzirki wagtda ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda beýik işler alnyp barylýar. Bu bolsa Mähriban Arkadagymyzyň biz — ýaşlar hakyndaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesi. Goý, hormatly Prezidentimiziň tutumly işleri rowaç alsyn!
Enejan DOLAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
02.03.2019ý.