Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylmy seljermeleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny tejribede ornaşdyrmak üçin ýaşlara ähli amatly şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde ylym dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär şol bir wagtda, şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usuly, innowasiýalary döredýär. Şunda, ylmyň gazanýan innowasion täzelikleriniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biridir.
Halkara kadalaryna laýyk gelýän «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, «Tokaý kodeksi» döwletimizde ekologik ulgamda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny kämilleşdirýär hem berkidýär.
Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, işiň ekologik taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologik ätiýaçlandyrmasy girizildi.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz halkara derejelerde hem oňyn ekologiýa başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi, ekologiýa diplomatiýasynyň hem wajyplygyny tassyklaýar. Halkara jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş baradaky tagallalarynda türkmen diplomatiýasynyň mynasyp paýynyň bardygyny ykrar edýär. Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky işjeňligine döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary esas bolýar. Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan çözülmegi tutuş adamzadyň geljegine dahylly bolan meseleler boýunça gatnaşyklary göwnejaýlaşdyrmaga ýardam etmäge çalyşýar we beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň esasy Konwensiýalarynyň agzasy bolan döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şeýle halkara başlangyçlaryň hatarynda ekologik meseleleriň çözgütlerine gönükdirilen teklipler hem bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary — Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi, Araly halas etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumynyň işlenilip taýýarlanylmagy hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezi baradaky başlangyçlary aýtmak bolar.
Ýurdumyz «Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen şu aşakdaky wezipeleri ileri tutýar:
— Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamak;
— Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hukuk esaslaryny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw serişdelerini dolandyrmaga hemde daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça hukuk binýadyny kämilleşdirmäge ýardamyny bermek;
— suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda sebitleýin maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini goldamak;
— maglumatlary alyşmak işini üpjün etmek, şeýle hem Aral deňziniň sebiti boýunça bitewi sebitleýin maglumatlar ulgamynyň we onuň binýadynyň döredilmegine ýardam bermek, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasyna gözegçiligi amala aşyrmak;
— sebitdäki ýurtlaryň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we daşky gurşawy goramak hem-de durnukly ösüş babatdaky guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge ýardam etmek.
«Suw diplomatiýasy» baradaky başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwründe, Merkezi Aziýa döwletleriniň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynda suw meseleleri boýunça esasy garaýyşlary hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleri doly göz öňünde tutulýar.
Ekologiýa diplomatiýasynyň sebit derejesinde ösdürilmeginiň wajyplygy tebigatyň serhet çäginiň ýokdugy, howa gurşawynyň bütinadamzat üçin umumylygy, birnäçe döwletleriň ulanýan agyz we ekin suwlarynyň çeşmesiniň bir bolmagy, janly tebigatyň jandarlarynyň ýer we howa üsti bilen uzak hem-de ýakyn döwletleriň çäklerine aralaşyp ýaşamaklary bilen hem esaslandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa meseleleri Türkmenistan döwletimize işjeň we köptaraplaýyn ekologiýa diplomatiýasyny alyp barmagy şertlendirýär. Ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlary diňe bir seslenme bolman, eýsem, Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmekde ähli zerur goldawy bermäge taýýardygy baradaky hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa mynasyp bolýar.
Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebitiň kontinentara çatrygynda ýerleşmegi, sebite dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun degişli bolan baý ýangyç we tebigy serişdeleri, biologik köpdürlüligi, amatly howa şertleri ýurdumyza bu sebitde energetika, ulag we ekologiýa ugurlary boýunça işjeň diplomatiýa gatnaşyklaryny alyp barmaga esas döredýär. Häzirki wagtda Hazarýaka döwletleriniň işjeň sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Hazar sebitiniň tebigy özboluşlylygyny goramaga gönükdirilen hukuk binýady emele gelýär.
Häzirki döwrüň bedew batly ösüşinde, innowasiýalarda, yzygiderli senagatlaşmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmegiň kanunçylyk esaslarynyň ylmy taýdan yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzda ileri tutulýar. Hukuk ylmy seljermeleriň netijelerine görä, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygy halkara ekologiýa konwensiýalarynyň kadalary bilen doly sazlaşýar. Diplomatik kanunçylygymyz bolsa, ekologiýa diplomatiýasynyň ýaýbaňlanmagyna esas berýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň barha işjeň häsiýete eýe bolmagy global howpsuzlygyň düzüm bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygynyň sebit we dünýä derejesinde üpjün edilmeginde goşýan mynasyp goşandy bolup durýar. Şol bir wagtda, halkymyzyň durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän daşky gurşawyň goragyny we tebigy serişdelerimiziň rejeli peýdalanylmagyny maksat edinýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga hem giň mümkinçilikleri açýar.
Aziza HANMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
28.02.2019ý.