Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda mährem eneleri mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde bitirýän ägirt uly hyzmatlary, şeýle hem sekiz çagany dünýä inderendigi we terbiýeläp ýetişdirendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak dabarasy boldy.
TÜRKMENISTANYŇ «ENE MÄHRI» DIÝEN HORMATLY ADYŇ EÝELERINE SÖZ BERÝÄRIS:
Orazdursun ATAÝEWA,
A.Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň tikinçisi:
— Halkymyzyň zenanlara bildirýän hormatynyň çägi ýokdur. Olary sylamak türkmeniň asylly edebinden nyşan. Hormatly Prezidentimiz pederlerimiziň asylly ýörelgelerini ýöredip, enelerimiziň sarpasyny belentde tutýar. Biz muny ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir tutumlarda aýdyň görýäris.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji bahar günleri maşgalamyz üçin ýakymly pursatlara beslendi. Ýurdumyzda uludan baýram edilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldum. Munuň bilen birlikde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýynyň berilmegi ähli maşgala agzalarymyzy — alty gyzymy, iki oglumy diýseň begendirdi.
Bagtly döwrümizde eziz eneler, mährem zenanlar baky bagtyýarlygyň eýesi bolup, abadan durmuşda ýaşaýarlar. Döwletimizde zenanlara aýratyn sarpa goýup, eneligi we çagalygy goramakda, maşgalany berkitmekde alyp barýan ynsanperwer işleri üçin hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsun aýdýarys!
Bibimerýem NURMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň ýaşaýjysy:
— «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolanlygyma begenjimiň çägi ýok. Halkymyz köp çagaly maşgalany döwletlilik hasaplaýar. Meniň döwletli maşgalamda 2 oglum, 6 gyzym bar.
Hormatly Prezidentimiziň perzentlerimiziň sagdyn dünýä inmegi, olaryň jemgyýetimize gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň çägi ýok. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwletimiziň baş aladasyna öwrüldi. Çagalarymyz döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenýärler, iň gowy derejede üpjün edilen mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara goýýan hormat-sylagy uludyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere täze jaýlaryň gowşurylmagy hem ýurdumyzda edilýän uly tagallalaryň aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyzda eneleriň mertebesini belent tutup, olaryň hormat-sylagyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Täzegül AKYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň ýaşaýjysy:
— Berkarar döwletimizde bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamak — uly bagt. Meniň bagtyýar maşgalamda bäş oglum, üç gyzym bar. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolandygyma diýseň guwanýaryn.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara aýratyn üns berilýär. Biz muny ajaýyp bahar baýramynyň öňüsyrasynda sekiz we ondan hem köp perzendi dünýä inderip, olaryň bagtyna hem saglygyna guwanyp ýaşaýan ýüzlerçe eneler bilen didarlaşanymyzda has-da göz ýetirdik.
Biziň esasy maksadymyz Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, çagalarymyzy halkymyza we eziz Watanymyza wepaly nesiller edip terbiýelemek. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi, sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegine uly üns berilmegi ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly we berk bedenli adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.
Biz — bagtyýar enelere bimöçber sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Ýulduzhon ŞARIPOWA,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy:
— «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly at bilen sylaglanan zenanlaryň arasynda meniň hem bolmagym, tutuş maşgalamyzy begendirdi. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak — uly bagt. Munuň özi meniň üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara öwrüldi.
Milli Liderimiziň eneleriň mertebesini belent tutmagy ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde görelde mekdebidir. Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramakda edilýän işler bagtyýar maşgalalaryň sanyny artdyrýar.
Halkymyzda maşgalada perzendiň dünýä inmegi uly bagtyýarlyk saýylýar. Maşgalamda ýedi gyzy we bir ogly terbiýeleýärin. Özüm tikinçilik, el işleri bilen meşgullanýaryn. Gyzlaryma enelerimizden miras galan el işlerini — keşde çekmegi, gaýma gaýamagy, köýnek tikmegi öwredýärin.
Biz — eneler bu bagtyýar durmuşymyz üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Amansoltan ANNANAZAROWA,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy:
— Arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurdumyzda her bir enäniň ýüreginde bagtyýar döwrümize bolan buýsanç duýgulary dolup-daşýar. Gahryman Arkadagymyz zenanlaryň döwlet durmuşyndaky ornuna uly baha berýär hem-de belent hormata mynasyp görýär.
Mähriban Diýarymyzyň köp çagaly zenanlary bilen bir hatarda meniň hem bu gün Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolmagym köňülguşumy has-da belende göterdi.
Şeýle şatlykly pursatda biz — eneleriň eşretli durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimize alkyş sözlerimiz çäksizdir.
Ýazga geçiren Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
09.03.2019ý.