DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ DABARALANMAGY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirmek bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda degişli saýlaw okrugynda täze saýlawlary geçirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hukuk binýadyny, demokratik ýörelgeleri, raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki hukuklaryny, raýat jemgyýetini berkitmäge gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, häzirki zaman saýlaw usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň her bir raýaty üçin häkimiýetiň wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna erkin saýlamak hem-de saýlanyp bilmek babatda giň mümkinçilikleri we hukuk kepillikleri döredildi.

Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi türkmen jemgyýetiniň ýokary gymmatlygy bolup durýar.

Saýlaw hukugy raýatyň iň möhüm syýasy hukuklarynyň biridir. Ýurdumyzda saýlaw hukugynyň ýörelgeleri Esasy Kanundan özüniň gözbaşyny alyp gaýdýar. Saýlaw hukugy döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň ulgamydyr. Bu ulgamy kanun esasynda saýlaw hukugyny amala aşyrmagyň tertibini, saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň we ses bermegiň netijelerini anyklamagyň düzgünini sazlaşdyrýan ähli hukuk kadalarynyň hem-de olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny üpjün edýän ygtyýarlyklaryň, işleriň jemidir.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň esasy hukuk resminamasy bolan Konstitusiýasy raýatlaryň saýlamak we saýlanmak hukuklarynyň kepillendirmesi bolup çykyş edýär. Esasy Kanunymyzda kesgitlenen kadalaryň dünýä ýurtlarynyň tejribesinden hemde halkara hukuk kadalaryndan ugur alýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, milli saýlaw kanunlary raýatlara ýurdumyzyň döwlet häkimýetiniň ähli edaralaryna wekilleri saýlamak we saýlanmak üçin mümkinçilikleri üpjün edýär, deň we göni saýlaw hukuklaryny kepillendirýär, şonuň bilen birlikde, umumy döwlet işlerini çözmäge gatnaşmaga hukuk berýär.

Esasy Kanunymyzyň 8-nji maddasynda kesgitlenen Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy ýörelgesiniň, döwletiň, onuň ähli edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň hukuk hem-de konstitusion gurluş bilen baglydygy baradaky kadanyň saýlawlary guramakda we geçirmekde örän uly ähmiýeti bar.

Konstitusiýada Türkmenistanda syýasy köpdürlüligiň we köp partiýalylygyň ykrar edilýändigi, döwletiň raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýändigi we jemgyýetçilik birleşikleriniň kanunyň öňünde deňdigini beýan edýän kadalar raýatlaryň syýasy hukuklarynyň kepillendirilmeginde hem-de Türkmenistanyň demokratik döwlet hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Şonuň ýaly-da Esasy Kanunymyzda her bir adama pikir we söz azatlygy, Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukuklary, raýatlara jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukugy kepillendirilýär.

Demokratik, hukuk we dünýewi, hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy alamatlarynyň biri bolаn demokratik saýlaw ulgamy konstitusion ýörelgelere, halkara hukuk kadalary bilen utgaşykly sazlaşýan saýlaw kanunçylygyna esaslanýar.

Konstitusiýada kepillendirilen hukuklar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi, «Syýasy partiýalar hakynda», «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda», Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary bilen durmuşa geçirilýär. Bu Kanunlara laýyklykda, türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, ýurdumyzda saýlawlar saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmekligiň bellenen şertleri hasaplanylýan ählumumy saýlaw hukugy, deň saýlaw hukugy, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi we saýlawlaryň erkinligi ýörelgelerinde hem-de bäsdeşlik esasynda geçirilýär.

Ýurdumyzda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin görülýän taýýarlyk işleri, şol sanda ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynda bir görnüşdäki gizlin ses berilýän kabinalaryň, saýlaw gutularynyň ulanylmagy saýlawçylaryň öz erk-islegini deň şertlerde erkin we gizlin beýan etmegi üçin şert döredýär.

Saýlawlar güni saýlaw uçastogynda ses bermek Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň raýatynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagy erkin we meýletin amala aşyrylyp, onda ses bermek gizlindir. Ýurdumyzyň geljegini kesgitleýän mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna saýlaw hukugy bolan her bir raýatyň işjeň ses bermäge gatnaşmagy halkymyzyň däp bolan agzybirlik, jebislik we watansöýüjilik ýörelgeleriniň ýene-de bir ýola dabaralanmasydyr.

Geçiriljek saýlawlar ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoly bilen öňe has ynamly barýandygyny bütin dünýä ýene bir gezek jar eder. Watanymyzyň ykbalyny, geljegini kesgitleýän bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä saýlaw hukugy bolan her bir raýatyň işjeň ýagdaýda gatnaşmagy, türkmen halkynyň gadymdan gelýän agzybirlik, jebislik we watansöýüjilik häsiýetleriniň bütin dünýä dabaralanmasy bolar.

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Watany» ýylynyň mart aýynda geçiriljek möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi ýurdumyzda adam hukuklarynyň berjaý edilýändiginiň, saýlawlaryň demokratik esaslarda, halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýändiginiň we Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Batyr ORAZOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.

“Nesul” gazeti,

14.02.2019ý.

Meňzeş habarlar