Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saz sungatynyň dünýä derejesinde ösüşlere ýetmekligi ugrunda ähli döwrebap şertler döredilýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saýlan ugrundan ýokary bilim derejesine eýe bolmagy netijesinde olaryň ýerine ýetirijilik ukyby hem artýar. Diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, olaryň dünýäniň ençeme döwletlerindäki üstünlikli çykyşlary muny aýdyň subut edýär.
2019-njy ýylyň 9-njy fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Yamaha music gulf FZE» korporasiýasy tarapyndan talyp hakly maksatnamanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa biziň ýurdumyzdan Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň Ýörite fortepiano hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ogulkeýik Hojagurbanowa hem gatnaşdy. Ogulkeýigiň beýleki watandaş sazandalarymyz bilen bilelikde ugradan sazlarynyň ýazgysy saýlama tapgyrda ýokary baha mynasyp bolmagy başardy. «Yamaha» korporasiýasy Dubaý şäherinde ýeňijileriň jemleýji konsertini ýokary derejede gurady.
Bu abraýly bäsleşigiň jemleýji tapgyry iki bölümiň çäginde geçirildi. Onuň birinji bölümine Marokko, Günorta Afrika, Eýran, Liwan ýaly döwletlerinden gelen ýaş pianinoçy sazandalar gatnaşdylar. Ikinji bölümde bolsa biziň ýurdumyzyň sazandasy bilen birlikde Ukraina, Özbegistan, Gruziýa, Ermenistan ýaly döwletlerden gelen sazandalar çykyş etdiler. Bölümleriň her birinde dokuz sazanda bolup, olar nusgawy saz äleminiň dürli görnüşli eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Ol ýerde Ogulkeýik Hojagurbanowanyň üstünlikli çykyş etmegi bu ugurda döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Ýaş sazandanyň şowly çykyşy onuň ukyp-başarnygynyň ýokarylygy bilen tapawutlandyrylýar. Inçe sungat bolan saz ýerine ýetirijiligi uly zähmeti talap edýär. Ussatlyk bilen şonuň hötdesinden gelmekligi başaran Ogulkeýik Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyna özüniň saldamly goşandyny goşmaklygy başardy. «Yamaha» korporasiýasynyň ýurdumyzdaky ýerli wekiliniň bu ugurdaky alyp barýan işlerini hem belläp geçmek gerek. Sebäbi N. Mämmedow Dubaý şäherine baran ýurdumyzyň wekiliýet toparyna şol ýerde ýakyndan ýardam berdi.
Netijede «Yamaha music gulf FZE» korporasiýasynyň pianinoçylaryň arasynda geçiren jemleýji tapgyryna gatnaşan ýaş sazandalara sertifikatlar gowşuryldy. Olaryň ýokary baha mynasyp bolmaklary, üstünlikli çykyşlary aýratyn bellenilip geçildi.
Saz sungatymyzy ösdürip, dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň ähli il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Röwşen Muhammedow,
Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
12.02.2019ý.