NESILLERE AKGELJEK ÝAR, YNAM ÝAR

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň beden, aň-bilim, ruhy we ahlak taýdan ösmegi ugrunda alyp barýan syýasaty üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Muňa ýakynda milli Liderimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygy aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde, kämilleşmeginde, hemmetaraplaýyn goldaw berip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň möhüm ornunyň bardygyny nygtap geçmegi biziň döredijilikli işlemegimize uly badalgadyr.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerine çekmekde, milli Liderimiziň watançylyk eserlerini wagyz-nesihat etmekde, atalyk sargytlaryny ýerine ýetirmekde Ýaşlar guramasy ägirt uly güýç bolup durýar. Ýaşlar bilen geçirilýän medeni-köpçülik, wagyz-nesihat çäreleri bolsa oňat netijeleri berýär. Her bir ýerli Ýaşlar guramasy ýaşlaryň güýjüni döwlet ähmiýetli möhüm işlere gönükdirip, kärendeçi we hususy eýeçilikde işleýän ýaşlaryň ýer bilen işlemekdäki zähmetine uly kömek berýär. Olar bilen möwsümleýin zähmet bäsleşiklerini yzygiderli guraýar. Ýaşlaryň önümçilik üstünliklerini höweslendirýär hem-de wagyz edýär. Biziň ýerlerdäki wekillerimiz, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň Ýaşlar guramalarynyň işgärleri önümçiligiň üstünde hemişe ýaşlaryň arasynda bolýarlar. Şunuň özi-de, ýaşlara bildirilýän uly ynamdan nyşandyr.

Beýik geljegimiziň hatyrasyna netijeli işlemäge döredip beren giň mümkinçilikleri, howandarlyk hemaýatlary we goldawlary üçin ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlary çäksizdir.

Ýaşlaryň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

ÝÜREKLERDE BU WATANA SÖÝGI BAR

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny bezän taryhy wakalaryň biri boldy. Bu taryhy duşuşyga gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly çykyşyny diňlemek bagtynyň miýesser edendigi üçin özümi diýseň bagtly duýýaryn. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşyny ýurdumyzyň ýaşlaryna, Ýaşlar guramalaryna bolan uly ynamdan başlap, «Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýip belledi. Bu ganatly sözler ýurdumyzyň bagtly geljegi bolan biz — ýaşlary öňküden-de ak ýürek bilen yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Milli Liderimiziň eziz Watanymyza bolan çyn söýgüsinden bu gün bereketli türkmen topragynda gudrat döreýär. Bu hakykata biz Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrýan beýik işleriniň, Garaşsyz Diýarymyzda hemme ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris.

Biz pederlerimiziň nusgalyk göreldesine, Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýermek bilen, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gowulandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekde, çuňňur ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watanperwer, edep-terbiýeli, arassa ahlakly, sagdyn bedenli nesli kemala getirmekde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen egin-egne berip, agzybir zähmet çekeris.

Gün-günden gülleýän, kuwwatlanýan, bekeýän döwletimiziň şan-şöhratyny tutuş äleme ýaýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz bimöçberdir. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, rowaçly menzilleri üstünliklere beslensin!

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

 

HALYPA SARPASY

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasyna baryp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekilleri hem-de medeniýet işgärleri bilen duşuşmagy biz — talyp ýaşlary diýseň begendirdi. Döwlet Baştutanymyz bu duşuşykda ata Watanymyzy mundanam beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalary, şeýle-de halkara derejesinde öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny hem usullaryny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz Türkmen milli konserwatoriýasyna ýa-da Mukamlar köşgüne görnükli medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adynyň dakylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Bu hoş habar Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny diýseň buýsandyrdy. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk artisti, sazly sahnada ajaýyp keşpleriň ençemesini döreden, halkymyzyň söýgüsini gazanan, abraýa we hormata mynasyp bolan Maýa Kulyýewa türkmen opera, teatr sungatynyň has-da ösmegine, kämilleşmegine öz mynasyp goşandyny goşdy. Öz ýerine ýetiren şirin aýdymlary bilen dünýä ýüzüne aýlanyp, türkmen aýdym-saz sungatyny äleme ýaýdy. Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň ady, ajaýyp owazy, bitiren hyzmatlary halkymyzyň hakydasynda hemişelik nusgalyk mekdep bolup galar.

Aýtäç MEDEDOWA,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

16.02.2019ý.

Meňzeş habarlar