Gadymy Gündogar akyldarlarynyň biri: «Ylym-terbiýe öwrenjekmi, onda ýaşlykda öwren, çünki ýaşlykda öwrenilen zatlar hut daşa ýazylan ýalydyr» diýip heňňamlara per bermedik jümläni paýhas eleginden geçirip dünýä ýadygär goýup gidipdir. Dogrudan-da, gujurdan, gaýratdan doly ýaşlyk ynsanyň ertirki gün kim boljakdygynyň, ýaşlar bolsa dünýäniň geljekki ykbalynyň niçiksi ellerde göteriljekdiginiň inkär edilmesiz ölçegidir. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda biz — ýaşlar hakynda eden taryhy çykyşy arzuwlarymyza ynam, maksatlarymyza aýdyňlyk bolup, göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen ata Watanymyzy gülläp ösüşleriň we bagtyýarlyklaryň Diýaryna öwürmekde, durmuşymyzy döwrüň hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri bilen galkyndyrmakda, ykdysady hem medeni üstünliklerimizi milli bähbitlerimize gönükdirmekde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna, zehinine, döredijilikli zähmetine uly ynam bildirilýär. Ýaşlary şöhratly geçmişimize, bagtyýar şu günümize, nurana geljegimize bolan beýik buýsanjyň ruhunda terbiýelemekde ruhy-ahlak ýörelgelerimiziňdir milli däp-dessurlarymyzyň uly ähmiýetiniň bardygynyň nygtalmagy bolsa hakykatdan üzňe däldir. Hormatly Prezidentimiz tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde ýaşlaryň ertirki güne bolan beýik ynamynyň asla mizemeli däldigini aýratyn nygtamak bilen, ýaşaýşy biz dälde, biziň ynamlarymyzyň özgerdýändigi hakyndaky hakykaty ýene-de bir gezek ykrar etdi. Döwrüň talabyna görä, häzirki zaman tehnikadyr tehnologiýalaryndan, giň maglumat mümkinçiliklerinden dogry we dürs netije çykaryp, gerek bolsa dolandyryp biljek ýaşlary kemala getirmek, olary sport, ylym-bilim boýunça geçirilýän halkara derejeli ýaryşlardyr olimpiadalara gatnaşdyrmak arkaly zehinli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetleri ýetişdirmek ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata-babalarymyzdan miras galan milli senetlerimiziň nesilleýin dowam edip gelýän önümçiliginiň inçe syrlaryna ünsüň çekilmegi diňe ýaşlarymyzyň geçmiş mirasymyza söýgüsini artdyrman, eýsem, gerek ýerinde syýahatçylyk pudagy arkaly ýurdumyza gelýän köp sanly jahankeşdeleriň üsti bilen bütin ýer ýüzüne ata Watanymyz, milli mirasymyz hakynda maglumat bolup ýaýylar. Bazar ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän we bäsdeşligiň has ýokarlanmagyny talap edýän häzirki zaman dünýäsinde ýaşlarymyzyň giň toparyny telekeçilik işine çekmek hakyndaky ýörelge bolsa ýurdumyzyň ykdysady we maddy taýdan ýokarlanmagyna mynasyp goşant bolar. Şeýle-de jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary taýýarlamagyň bäsleşige ukyply döwlet hökmünde öňe çykyp bilmegiň esasy şertleriniň biridigi we sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmalydygy hakynda bellenilmegi ähli ulgamlarda gazanyljak üstünliklere hem badalga berjek mümkinçilik bolar. «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýip «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan mysala ýüzlenen hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri, beden we ruhy kämilligiň milli aýratynlyklarymyzdaky orny arkaly ýaşlary giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly edip ýetişdirmegiň hemmetaraplaýyn çemeleşilmegi hakynda aýratyn nygtady.
Ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda uly yz galdyrmak bilen ýüreklerde ebedi ýaşamagyny dowam edýän halypalarymyzyň atlaryny ebedileşdirmek arkaly şeýle ägirtleriň nusgalyk keşbinde ýaşlary terbiýeläp, durmuşda hakyky watançy, ilhalar ýaş nesilleri kemala getirip boljakdygy hakynda bellenilmegi biz — ýaşlary has-da galkyndyran, buýsandyran ýagdaýlaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Şundan ugur alyp we jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna ýetmäge, beýik işlere ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen, biz teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri bolan Alty Garlyýewiň, Maýa Kulyýewanyň, Bäşim Nuralynyň, belli bagşy-sazandalar Şükür bagşynyň, Magtymguly Garlyýewiň, Sahy Jepbarowyň, ýazyjy Osman Ödäýewiň atlaryny hem ebedileşdireris» diýip bellemegi bu günki nesilleriň adyndan hem dürli ugurda ukyp-başarnyklaryny il-ýurdy üçin gaýgyrmadyk şeýle mähriban ynsanlara goýulýan beýik hormatdan nyşan bolar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Garryýewiň, Türkmen milli konserwatoriýamyza ýa-da Mukamlar köşgüne Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny dakmak hakyndaky teklip döwrümiziň özüniň ajaýyp gülläp ösüşleri bilen birlikde şol gülläp ösüşleriň hatyrasyna zähmet çeken ynsanlary hem unutmaýandygy hakyndaky aýdyň hakykat boldy.
Gahryman Arkadagymyz hakyky rowaçlygyň Watanymyz bilen halkymyzyň bitewüliginden gözbaş alýandygyny taryhy hakykatlaryň, ykrar edilen mysallaryň üsti bilen ýaşlara ýetirdi. Diňe şeýle bolanda öňde goýlan maksatlara ýetip boljakdygy we onuň üçin bolsa hakyky watansöýüji nesilleri kemala getirmegiň möhümdigini giňişleýin beýan edip, hormatly Prezidentimiziň şahyrlarymyzyň buýsançly setirleri bilen çykyşyny jemlemegi has-da uly täsir galdyrdy. Has dogrusy, ýaşlara bildirilen ynamy ödemäge borçlandyrdy. Watansöýüji Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldelerine eýerjek ýaşlar ata Watanymyz, eziz halkymyz üçin beýik maksatlary nazarlap, aýdyň geljegi gurarlar. Ýaşlygyň ýüregine egsilmez joşgun beren şol gün uly işleriň, belent sepgitleriň başlangyjy bolar. Sebäbi akyldarlaryň belleýşi ýaly: «Geljek şu günden başlanýar».
Aknur Rozyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
“Nesil” gazeti,
21.02.2019ý.