KEÇE SENETÇILIGI: «EÝI ÝETSE EGILMEZ...»

Halkymyzyň baý milli senetleri bar. Zergärçilik, ussaçylyk, küýzegärçilik ýaly senetler bilen birlikde, gelin-gyzlaryň on barmagynyň hünäri bolan dokmaçylyk, tikinçilik, el işleri ýaly hünärler häzirki günde-de ýörgünlidir. Täze öwüşgin çaýylyp, nagyşlary keşdeli, gaýmaly edilip bejerilen milli egin-eşikler gözelligiň nusgasydyr.

Dürli nagyşlar salnyp, dürli ölçegde dokalan el halylarymyz öýlerimiziň bezegidir. Gözüňi dokundyrýan haly-palas ýaly dokma önümleri diňe bir öýlerimiziň däl, eýsem, toý-baýramlarymyzyňam ýaraşygydyr.

Göreni haýrana goýýan el halylarymyzy dokaýan gyz-gelinler keçäni hem owadan görnüşde taýýarlaýarlar. Türkmen halkynda keçe önümçiligi gadymdan gelýän senetleriň biridir. Ýörite keçe taýýarlamaklyga ussat zenanlarymyz bar. «Pylanynyň taýýarlan keçesi» diýdirmegi başarýan zenanlar bu milli senedimizi dowam etdirijilerdir.

Keşde çekmek, dokma dokamak ýaly inçe işler bilen birlikde, keçe taýýarlamak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Ilki keçe üçin goýun ýüňi saýlanyp alynýar, arassalanýar, tüýdülýär, onuň bir bölegi saýylýar, bir bölegi bolsa darakdan geçirilip sümek, pişge edilýär, gerekli boýaglara boýalýar. Ýörite taýýarlanyp dokalan gamşyň üstünde üýşüp keçe güllenilýär. Soňra keçe ýüzlenilýär, ýagny gülleriň üsti saýgylanyp taýýarlanylan ak ýüň bilen örtülýär, gyralaryna gara ýüň ýazylýar. Bu iş ýagdaýyna «keçe ýüzlemek» diýilýär. Soňra gamşy düýrlemek arkaly keçe çekmek işi başlanýar.

Elbetde, keçe öndürmeklik, esasan, aýal maşgala degişli hünär bolsa-da, onuň erkek adamlara degişli pursatlary-da bolýar. Keçe çekilende erkek adamlaryň kömegi zerurdyr. Çünki içi ýüňli düýrlengi gamşa belli bir derejede çyglylyk berlip durulýanlygy sebäpli ony iki ýana çekmek gelin-gyzlar üçin agyr bolýar. Ol işi erkek adamlar ýerine ýetireninde iş ýagdaýy çaltlaşýar we keçäniň berkligine täsiri uly bolýar.

Soňra gamyş açylyp, keçe basylýar. Zerurlyk bolmasa, sowuk howada keçe taýýarlanylmaýar, sebäbi ony basmak üçinem, bişirmek üçinem güneşli ýa-da yssy howa gerek. Eger howa salkyn wagty taýýarlanylsa, diňe basylýar. Ol soň yssy düşeninde bişirilýär. Gowy bişirilen keçe bolsa uzak ulandyrýar.

Enemiň taýýarlan keçeleri üstünden ýyllar geçenem bolsa häli-häzir hem könelenok. Olaryň hersiniň özüne salnan gülleri, nagyşlary bar. Sekizkeşde, tumargül, tazyguýruk, zynjyr, alaja ýaly atlar gönüden-göni gülli keçäniň nagyşlary bilen baglydyr. Ak keçe-de nagyşsyz bolmaýar, onuň dört gyrasyna gaňyrçak ýa-da goçşahy ýaly nagyşlar salynýar. Keçe nagyşlaryndan hala salynýanlary-da bar. Aslynda, gyz-gelinler owadan nagyşlary döredip, olary el işleriniň her bir görnüşinde ulanypdyrlar. Ýöne keşdede, çitimde we keçe güllenilende hersiniň özüne mahsus öwüşgin çaýylypdyr.

Keçäniň birnäçe görnüşi bolup, olar giňden ulanylypdyr. Häzirki günde-de ak keçedir gülli keçeler, keçe namazlyklar, ak öýlerimiziň serpikleridir durluklary taýýarlanylyp, olar gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar.

Me­niň ji­gim otur­syn,

Eli­ne ýü­zük ötür­sin,

Ak­ja ke­çäň üs­tün­de

Gaý­ma ga­ýap otur­syn

— di­ýip, hüw­di se­tir­le­rin­de-de keçe hakdaky pikir terbiýe bilen baglanyşdyrylyp aýdylýar. Halk dö­re­di­ji­li­gi­niň beý­le­ki žanr­la­rynda-da keçe bilen bagly pikirlere duş gelinýär.

Ak öý baradaky matalda: «Ýerden örkli, keçeden gaply» diýilse, keçe gamyş hakdaky matalda şeýle diýilýär: «Dolama gazyk, düýrme don».

Eýi ýet­se egil­mez,

Su­wy ýet­se sü­ýül­mez.

Gun­dag­da da­şa dö­nen,

Da­şa ur­saň dö­wül­mez

— diý­lip, bu ma­tal­da ke­çä­niň berkligi suratlandyrylýar.

Görnüşi boýunça galyň bolany üçin, sözleýişdäki «keçe ýaly galyň» pikiri deňeşdirme görnüşinde ulanylýar. Onuň ady bilen bagly «Keçe-keçe» atly oýun hem bar. Ol gizlenen zadyň kimdedigini bilmek üçin iki tarap bolup oýnalýan milli oýundyr. Enelerimiziň söhbetlerinde keçäniň saglyga peýdasy barada hem aýdylýar.

Umuman, keçe hakdaky maglumatlar bu senediň kämillik menzillerinden habar berýär. Keçe enelerimiziň döreden ajaýyp önümleriniň biridir.

Bu günki gün ýaşlaryň her bir hünärden habarly bolmagy olaryň düşünjesiniň giňemegine, sözleýiş diliniň ösmegine täsiri uludyr. Dokmaçylyk bilen bagly leksikada enelerimiziň baý senediniň uly bölegi jemlenýär. Mysal üçin, gelin-gyzlaryň senetlerinde ulanylýan gurallaryň, esbaplaryň, salynýan nagyşlaryň atlary, aýry-aýry nagyşlar bilen baglanyşykly gyzykly gürrüňlerdir rowaýatlar, hatda nakyllar biziň söz baýlygymyzyň artmagyna getirýär.

Olduryk, petek aýakgabyň içine düşemek üçin keçeden kesilip alnan bölegi aňlatsa, tutaç gyzgyn gazany, tabagy tutmak üçin ulanylýan keçe bölegini aňladýar. Diňe türkmeniň ak öýüniň keçeden taýýarlanylýan bölegi hakda gyzykly söhbet etse bolar. Keçe we keçe taýýarlamak bilen bagly onlarça sözi mysal getirmek bilen, ýaşlaryň söz baýlygyny artdyrmak bolýar.

«Gö­le düş­düm — ýo­la düşdüm», «Çaly çopan tanar, ýalňy­şy — çe­per», «Ti­kin­çi çe­per däl, biçimçi çeper», «Dokmany dokana ber» ýaly parasatly jümlelerde gyz-gelinleriň elleriniň çeperligi, el işleriniň her biriniň özüne ýetesi azabynyň barlygy aýdylýar. Ýöne türkmen zenanlary el işleriniň her bir görnüşini kämilleşdirip, biziň günlerimize hünär, hatda sungat derejesine ýetmegi gazanypdyrlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz biziň her birimiz üçin okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Milli senetlerimizi öwrenmek arkaly nesilleriň zähmet ukyplaryny kämilleşdirmek bolýar. Milli senetler hakyndaky düşünjeler bolsa olaryň watançylyk duýgularynyň has-da ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, her bir milli senet, milli sungat nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär. Keçe senetçiligi-de şeýle hünärleriň biridir.

Miwe ÇA­LY­ÝEWA,

Wekilbazar etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

“Nesil” gazeti,

19.02.2019ý.

Meňzeş habarlar