Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýanlykda geçirmegi, olaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe–sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň guramagynda «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnişleri boýunça «Sagdyn ýaşlar» atly bäsleşik geçirildi. Bu sport ýaryşynda çagalar özara «Asman» hem–de «Güneş» atly toparlara bölünip, birnäçe ugurlar boýunça öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan çagalara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.