Hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýeti kemala getirmekde milli oýunlar hemme döwürdede möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Bu meselä pederlerimiz çynlakaý çemeleşipdir, olar nesilleriň beden taýdan sagdyn bolmagy ugrunda yzygiderli alada edip, maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin köpugurly hem täsirli serişdeleriň giden bir ulgamyny döredipdirler.
Türkmen milli oýunlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Milli oýunlar ýaşuly nesliň tejribesini çagalara we ýaşlara geçiriji serişde bolup, olarda çeýelik, çakganlyk, eserdeňlik ukyplaryny kemala getirýär.
Alymlar we pedagoglar çaga oýunlaryny gadym wagtdan bäri öwrenýärler we olaryň ösüp gelýän nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemekde esasy serişdeleriň biridigini aýdýarlar.
Beýik rus pedagogy hem-de psihology K.D.Uşinskiý kiçi ýaşly çagalary terbiýelemekde oýunlaryň ähmiýetine belent sarpa goýupdyr. Beýik pedagogyň pikiriçe, oýunlar çagalaryň ýatkeşligini, göz öňüne getirme endigini ösdürýär hem-de olaryň dostluk, ýoldaşlyk ruhunda terbiýelenmegine kömek edýär.
Oýnuň üsti bilen çaga öz akylyny baýlaşdyrýar. Daşky durmuşdan täze düşünjeler alýar. Okuwda we gezelençlerde alan bilimleriniň üstüni doldurýar.
Alym-pedagog T.Ý.Samoýlowa: «Oýun örän üýtgeşik ukyby bilen tapawutlanýar, ol adamyň işiniň dürli ugurlarynda köptaraply öwrenilýär» diýip ýazýar. Munuň özi bütinleý kanunalaýykdyr, hut oýunda şahsyýetiň özüni açyp görkezişini, tomaşadan kanagatlanmak lezzetini almaga dyrjaşyşyny, bellibir endiklerini we başarnyklaryny ösdürişini yzarlamak bolýar.
Amerikan filosofy, sosiology we psihology J.G.Midiň belleýşine görä, oýun munuň özi işdir, şol iş wagtynda çaga ululara öýkünip, olaryň gymmatlyklaryny we ýörelgelerini kabul edip alýar we bellibir roly ýerine ýetirmegi öwrenýär. Şu sözleriň tassyklanmasy hökmünde gyzjagazlaryň gurjak oýnaýyşlaryny, oglanjyklaryň bolsa söweşiji, esger bolup, Watanyň goraýjylary bolmak höweslerini ýatlalyň.
«Çaga oýunlary munuň özi, aslynda, okuwdyr, öwrenmekdir» diýip, O.S.Gazman belleýär. Birinjiden-ä, olar her bir çaga üçin ähmiýetlidir, ýakymlydyr, özbaşdaklygyňy, meýletinligiňi duýmakda peýdalydyr; ikinjiden, ol oýunlaryň durmuşdan alnan meňzeşligi bolsa-da, ony şol durşuna, jikme-jik gaýtalamaýanlygy bilen tapawutlanýandyrlar; üçünjiden, oýunlar öz-özünden ýa-da bedeniň haýsydyr bir synasyny ýa-da şahsyýetiň bir häsiýetini ösdürmek, gazanylanlary berkitmek, dartgynlygy aýyrmak üçin emeli usulda döreýän okuwdyr. Ähli çaga oýunlarynyň häsiýetli aýratynlygy üýtgeşik joşgunly bolmaklygydyr.
Şundan hem çaga oýunlarynyň ady gelip çykýar: öwrenijilik häsiýetli, gurluşyk, zähmet oýunlary, aragatnaşyk oýunlary, söz, saz oýunlary, akyl-paýhas, çeperçilik oýunlary, sahnalaşdyrylýan, hereketli, sport oýunlary bolup bilýär.
Çagalaryň aňynda ilkinji ahlak sypatlarynyň kemala gelmeginde-de oýunlaryň ähmiýeti örän peýdalydyr. Çagalar milli oýunlary oýnanlarynda, adatdaky ýaly dostluk, ýoldaşlyk duýgusyny, Watana bolan söýgüsini we beýleki asylly häsiýetlerini aýdyň ýüze çykarýar. Oýunlaryň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmekleri körpelerde dogruçyllygy, ak ýürekliligi terbiýeleýär.
Halk pedagogikasynda hereketli oýunlar we ýaryşlar çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä üýtgeýärler. Mekdebe çenli döwürdäki çagalar köplenç ylgamak, bökmek, zyňmak bilen baglanyşykly oýunlary oýnapdyrlar. Mekdep ýaşly döwürlerinde çybykdan ýa-da gamyşdan at ýasap, at çapyşyk oýnapdyrlar. Olardan uluraklar ýapdan bökmek, uzynlygyna bökmek, belentlikden aşak bökmek, ylgap barýarka duş gelýän päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşmak, «Gizlenpeçek», «Hekgal», «Aýterek-Günterek» oýunlaryny köp oýnapdyrlar. «Göreş», «Ýaglyga towusmak», «Keçe-keçe» ýaly oýunlary has kämilleşdiripdir.
Çagalar köplenç hereketde bolmagy halaýarlar. Bedenterbiýe sapagy — bu çagalaryň adaty durmuşynyň dowamy, sebäbi olar hereketde ösýärler, dünýä düşünýärler, öz güýçlerini barlaýarlar. Hereket çagalaryň bedenini berkidýär, olaryň ýürek, gan-damar, dem alyş, nerw ulgamynyň işjeňligini, bölüp-çykaryş, madda çalşyş ulgamlaryny gowulandyrýar, kesellere bolan garşylygy güýçlendirýär, iň esasysy bolsa olaryň durmuşyna şatlyk we saglyk getirýär.
Çagalaryň saglyk ýagdaýlaryna görä hereketli oýunlar gurnalanda, olaryň diňe bir ýaş aýratynlygy göz öňünde tutulman, eýsem, beden taýýarlygy hem nazara alynmalydyr. Şoňa laýyklykda hem hereketli oýunlar gurnalmalydyr. Milli hereketli oýunlary geçirmegiň dürli usullary bardyr. Olara, oýnuň wagtyny gysgaltmak, arakesmeler, dem alyş maşklaryny ulanmak, oýnuň düzgünlerini üýtgetmek degişlidir.
Umuman, türkmen milli oýunlarynyň mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň terbiýesinde tutýan orny uludyr hem-de bahasyna ýetip bolmajak uly mekdepdir. Çünki onuň örän çalt hem ygtybarly ösýän çagalaryň bedeniniň sagdyn, ruhunyň belent, şadyýan, çalasyn häsiýetleri özüne jemlemekde edýän täsiri bellärliklidir. Muňa oýny ýaňy öwrenip başlanlar bilen milli oýunlara tegelek bir ýyllap meşgullanyp gelýänleri deňeşdirip, synlanyňda-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Olaryň özlerini alyp baryşlarynda, edýän hereketlerinde, hüşgärliginde, eserdeňliginde, dogumlylygynda hem-de özüne juda ynamlylygynda uly aratapawut mese-mälim duýulýar. Bu-da türkmen milli oýunlarynyň mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň terbiýesindäki ähmiýetini ýene-de bir gezek subut edýär. Milli oýunlarymyz sagdyn ruhly we sagdyn bedenli, arassa ahlakly nesilleri kemala getirmekde ygtybarly serişdelerdir.
Maksat DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk Institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
17.01.2019ý.