Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 96-njy mejlisinde 181 döwletiň goldamagynda 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzünde uly abraýa eýediginiň nobatdaky subutnamasy bolup, halkara giňişliginde öňki gazanan rowaçlyklarynyň mynasyp dowamydyr.
EKOSOS BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň on dördüsiniň, funksional toparlaryň dokuzysynyň, sebitleýin toparlaryň bolsa bäşisiniň ykdysady, durmuş we beýleki degişli işleriniň utgaşdyrylmagyna jogap berýän halkara düzümi bolup, BMG-niň esasy alty guramasynyň biridir. EKOSOS-yň ygtyýaryna BMG-niň tutuş ulgamynyň adam we maliýe serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy girýär. EKOSOS-a 54 döwlet agza bolup gatnaşýar. Olar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanýar.
Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasynda berkidilen ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýändigi hakyndaky kadanyň Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulmagy hem-de ähli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin zerur hukuk şertlerini döredýändigini bellemek gerek. Hemişelik Bitaraplyk taglymatymyzdan gelip çykýan hukuk ýagdaýyny göz öňünde tutup, BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk ugruna eýerip, Türkmenistan onuň birnäçe esasy düzümleri, şol sanda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady we ekologiýa ugurlarynda, aýratyn hem Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyrmakda uly üstünliklere eýe boldy. Munuň özi Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen tejribesini we gazananlaryny paýlaşmaga hukuk berýär.
Ýurdumyz ençeme gezek BMG-niň birnäçe düzümlerine, şol sanda EKOSOS-yň agzalygyna saýlandy. Bu döwürde Türkmenistan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmekde, sebit hem-de dünýä möçberinde ykdysady we durmuş ösüşini üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda oňyn işleri durmuşa geçirdi.
Ondan köp wagt geçmänkä, EKOSOS-yň mejlisinde Türkmenistan BMG-niň 2017 — 2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna, 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlandy. Bu hem, öz gezeginde, ýurdumyzyň halkara giňişliginde işjeň orny eýeleýändigini we öňde duran her bir wezipä jogapkärli çemeleşýändigini nobatdaky gezek tassyklady.
Türkmenistanyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-yň agzalygyna saýlanylmagy häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge yzygiderli gatnaşmaga ygrarlydygyny, parahatçylygyň, döredijiligiň we durnukly ösüşiň bähbidine özüniň ägirt uly kuwwatyny gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.
Biziň ýurdumyz Ykdysady we Durmuş Geňeşinde öňde durýan meseleler boýunça diňe öz garaýşyny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, tagallalaryny şol meseleleri çözmäge we bellenilen wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirýär.
Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň 146-sy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, halkara guramalarynyň 44-siniň agzasy bolmak bilen halkara konwensiýalaryň we şertnamalarynyň 145-sine gatnaşyjy bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky işjeň ornuny tassyklaýar. Şeýle hem Türkmenistanda halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň 15-si işleýär. Halkara gatnaşyklaryny netijeli, döredijilikli berkitmek maksadynda Türkmenistan döwletimiz iri guramalar, ozaly bilen, BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki düzümler bilen ysnyşykly iş alyp barýar.
Häzirki döwürde Türkmenistan BMG-niň birnäçe komissiýasynyň, komitetiniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, olaryň çäklerinde degişli halkara işlerini amala aşyrýar. Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň depgini ep-esli ýokarlandy.
BMG-niň birnäçe düzümlerine, hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine, 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, şeýle hem 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna agzalyk Türkmenistanyň dünýäniň umumy ösüşine mynasyp goşant goşmak babatdaky işinde halkara tagallalarynyň ykrar edilmegi bolup durýar. Türkmenistanyň bu düzümlere saýlanylmagy ýurdumyzyň adam hukuklaryny, Gender deňligini, çaganyň iň gowy bähbitlerini ilerletmäge BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen işjeň ornunyň tassyknamasy bolup hyzmat edýär.
Iri halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bolan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň maslahat görnüşinde goldaw bermegi bilen, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy, Gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin milli hereketleriň meýilnamasy, Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli amala aşyrylýar.
2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň mejlisinde Türkmenistan 2019 — 2020-nji ýyllar üçin bu komitetiň düzümine-de saýlandy. Dürli düzümlerde görkezilýän işjeňlik ösüşiň ähli ugurlarynda Türkmenistanyň öz anyk we konstruktiw garaýşynyň bardygyny tassyklaýar. Şeýle netijeli gatnaşyklaryň ösmegi, ozaly bilen, dünýä bileleşiginiň işlerinde Türkmenistanyň tutuş adamzady gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge uly goşant goşýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we işjeň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan we üstünlikli alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Biziň döwletimiz häzirki wagtda dünýäniň köp döwletleri bilen parahatçylykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Türkmenistanyň öz tebigy baýlyklaryna we geografiki taýdan oňyn ýerleşişine sebitleýin hem sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek, energiýa akymlaryny diwersifikasiýa etmek, hususan-da, täze turba geçirijiler gurmak baradaky başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan giňden ykrar edilýär. Şulardan ugur alyp, biziň ýurdumyzda soňky ýyllarda türkmen energo serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça depginli işler alnyp barylýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellärliklidir.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «BMG bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» Kararnamalarynyň ady hem Türkmenistanyň esasy tagallalarynyň gös-göni durnukly ösüş bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Bu resminamalardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary özüniň yzygiderliligi, uzak möhletliligi, adalatlylygy, durmuşa ornaşdyrylmak mümkinçiliginiň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň hyzmatdaşlygyň ýola guýulmagynda, köpugurly daşary syýasatymyzyň amala aşyrylmagynda örän möhüm orny eýeleýär.
Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.
“Nesil” gazeti,
19.01.2019ý.