Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň başy täze senagat üstünliklerini buşlaýan bereketli başlangyçlara beslenmegi guwandyryjydyr. 10-njy ýanwarda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Owadandepede gurlan täze, tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň işiniň aýratynlyklary, alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we täze önümçilik desgalarynyň goýberiş-sazlaýyş işleriniň başlamagyna ak pata berdi. Tebigy gazdan benzin öndürjek bu döwrebap toplumyň gurulmagy bilen, şeýle önümçiligiň, dünýäde ilkinjileriň hatarynda biziň ýurdumyzda başynyň başlanýandygy kalplara çäksiz buýsanç bagyşlaýar.
Milli ykdysadyýeti toplumlaýyn senagatlaşdyrmakda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmekde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa, nebithimiýa toplumlarynyň gurluşygyna, iri energetika taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmegi üns merkezinde saklaýar.
Uglewodorod çig malyny ulanmak arkaly himiýa önümleriniň ýokary tehnologiýaly önümçiligini ýola goýmak boýunça işleriň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna uly üns gönükdirilýär. Gazhimiýa pudagy, has takygy, organiki polimerleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy netijesinde, bu önümleriň içerki bazar üçin öndürilmegi hem-de daşary ýurtlara iberilmegi ykdysady taýdan maksadalaýyk hem-de bähbitlidir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda tebigy gazy karbamide, metanola, benzine, dizel ýangyjyna, olefinlere we beýleki önümlere öwürmek boýunça tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak babatda işler üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanda onlarça desgalar — katalitiki riforming we millisekund katalitiki kreking desgalary, ýokary oktanly benzinleri, çalgy ýaglaryny, polipropileni öndürýän kärhanalar, dizel ýangyjyny suw bilen arassalaýan hem-de beýleki düzümleýin desgalar guruldy. Häzirki wagtda tebigy gazdan dizel ýangyjyny, kerosin we nafta öndürmek boýunça ikinji taslama esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde işjeň ilerledilýär. Taslama Ahal welaýatynda amala aşyrylar, bu ýerde motor ýangyjyny öndürýän senagat toplumy hem dörediler.
Gymmaty, hikmeti egsilmeýän baýlyklarymyz bolan tebigy gazyňdyr nebitiň «mawy altyn», «gara altyn» diýlip arzylanylmagy ýöne ýere däl. Barha senagatlaşýan dünýäde uly önümçilikleriň ykbaly hut şu gymmatly baýlyklar bilen gönüden-göni baglydyr. Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazy suwuk ýagdaýa öwürýän desga geljegi uly ugurlaryň biridir. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň, şol sanda Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň täze enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu toplumda her ýylda 1 milliard 785 million kub metr gaz gaýtadan işleniler. Kärhanada «Euro-5» standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň ýylda 600 müň tonnasynyň öndüriljekdigi bu arzyly önümiň içerki islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, halkara bazarlara ýol saljakdygyny görkezýär. Toplumda ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz hem öndüriler. Bu bolsa has girdejili gazhimiýa önümleri bazarynda ýurdumyzyň mynasyp orny eýelemegine getirer.
Owadandepede gurlan bu senagat desgasy tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy bolar. Tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, ondan gaýtadan işlenip alnan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet bermek bilen gurulýan şeýle taslamalary durmuşa geçirýän ata Watanymyz tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleri bazarynda öz ornuny giňeltmek bilen birlikde gazhimiýa önümçiliginiň has girdejili bazarynda mynasyp orun eýelemegine täsir edýär. Ahal welaýatynyň çäginde gurulýan, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürjek bu zawod dünýäde ilkinji täze önümçiligiň başyny başlar. Umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabar bolan bu taslamany «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» we Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýalary durmuşa geçirdi.
Kuwwatly gazhimiýa toplumynyň gurluşygynda ýaşlaryň müňlerçesi zähmet çekýär, olar dürli ugurlar boýunça degişli okuwlary geçen hünärmenlerdir. Bu ýerde işleriň başlamagy bilen, 800-e golaý täze iş orunlary dörediler.
Täze önümçilik üçin «mawy ýangyjyň» «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisinden alynjakdygyny nygtamak gerek. «Şatlyk» gaz ýatagyndan gaýdyp, Mary, Ahal, Balkan welaýatlarynyň çägi bilen Hazaryň etegindäki Belek gaz gysyjy stansiýasyna çenli uzaýan bu gaz geçiriji täze gurulýan zawodyň golaýyndan geçip gidýär. Bu döwrümiziň ähli tutumly işleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýändiginiň ýene-de bir guwandyryjy subutnamasydyr. Bu ýerde taýýar önümi sarp edijilere ugratmak üçin demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň hem meýilleşdirilendigi işleriň ählitaraplaýyn utgaşykly alnyp barylýandygyny hasda aýdyň tassyklaýar. Kuwwatly gazhimiýa toplumy ýapon we dünýä tejribeleriniň ösen nusgalary esasynda gurlandyr.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek, toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek barada goýan wezipeleri ylmy, bilimi we önümçiligi utgaşdyryp alyp barmak arkaly çözülýär. Iň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, iň täze ylmy gazananlary özünde jemleýän toplumlaryň gurlup, ulanmaga berilmegi ýerli ýaşlaryň hünär taýýarlyklarynyň ýokarlanmagyna, täze, döwrebap hünärleri ele almaklaryna, bilimlerini ýokarlandyrmaklaryna, ylmyň täze gazananlaryny ýakyndan öwrenmäge hem itergi berýär, bu ugurda täze şertleri açýar, giň mümkinçilikleri döredýär. Işgärleriň, hünärmenleriň, alymlaryň, inženerleriň döredijilikli zähmeti netijesinde uglewodorod serişdelerine baý ýurt bolan ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Nebitgaz pudagynda önümçiligiň bilim, ylym esaslaryny berkitmekde, hünärmenleriň taýýarlygyny utgaşykly alyp barmakda, sazlaşykly çözgütleri tapmakda Halkara nebit we gaz uniwersitetine wajyp orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz täze desganyň işi bilen tanşanynda, bu ugurdaky hünärmenleriň taýýarlanylyşyna aýratyn ünsi çekdi. Biziň ýokary okuw mekdebimiz ugurdaş ylmy-barlag institutlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we onuň ylmy-barlag institutlary, Tehnologiýalar merkezi hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalary, şol sanda Malaýziýanyň «Petronas», Fransiýanyň «Total», Koreýa Respublikasynyň «LG», halkara «Dragon Oil» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Uniwersitetimizde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen tehnologiki maglumatlar merkezi, inženerçilik akademiýasy, talyplaryň konstruktorlar býurosy nebitgaz pudagynyň öňünde duran wezipeleri amal etmäge uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda uniwersitetimizde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy barlaglaryň, tejribeleriň we synaglaryň geçirilmegine, okuw sapaklarynda ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň öwrenilmegine, olaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işler Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazaryndaky ornuny has-da berkider.
Oguldöndi BAÝLYÝEWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
15.01.2019ý.