“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň başyny başlan rowan tutumlary hakda oýlanma
...Telewizoryň öňünde ekrandaky görnüşlerden gözüm doýman, gulagym ganman, tutuş on iki süňňüm bilen owsunyp otyryn. Gör-ä muny! Gözüňe söweýin, Garagumuň tyllaýy reňk guba çägeleri. Aňyrsy gözýetim bilen sepleşýän depe-gollar, olary aralap zowwam uzap gidýän awtomobil hem polat ýollar. Gurbany gitdigim, ak çägeleriň üstünde gurlan gupba ýaly ak jaýlar, dürli desgalar. Ine-de, gadamy mübärek düşen täze — 2019-njy ýylyň ak gyşynyň ak säherinde milli Liderimiz gadymy Garagumuň ak çägeleriniň arasyna rowaçly ýylyň täp-täzeje eseriniň ilkinji sahypasyny ýazyp dur.
Adatça «eser ýazmak» diýlende biz eliňe galam alyp goşgudyr hekaýa ýa-da kist alyp sungat eserini döretmekdir, kompozitoryň notasydyr öýdüp düşünýäris. Olam bir hasap. Ýöne anyk senesi bilen aýdanda, 2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň eşretine bagyşlanjak, ýurduň bedew badyna tizlik berjek, ýurduň ýüregi, Aziýa yklymynyň merjen şäherine öwrülýän ak Aşgabadyň şuglasyna lowurdy goşjak, goja Garagumuň kerwen ýörän gadymy ýollarynyň ugrunda kerwen-kerwen binalary bitirmek hakdaky taryhy eseri — ÝYLYŇ TAGLYMYNY ýazyp durdy. Şol wagt göwnüňe şeýle hikmet gelýärdi: «Hydyr gören, Hydyr gezen Garaguma Döwletbaşynyň gadamy düşüp, bu sähranyň ykbalyna täze döwri bagyşlajak eseri döredýär».
Taglym — munuň özi eserdir. Ykdysady-syýasy, jemgyýetçilik gymmaty babatda tapawutlanýan eserdir. Ol eserleriň ýazylmaly mütdetini döwrüň özi salgy berýär, haýsy ugurdan bolmalydygyny zamananyň bady kesgitleýär. Men muny ýanjamak bilen näme aýtjak bolýaryn?! Göz öňüne getirip görüň! Mundan 20 ýyl çemesi ozalam Çoganly başly-barat oturan, köçeleri bir girseň çykmagyň hunaba, yzyňy tapdyrmaýan ýerdi. Owadandepede diňe özi bilen atdaş oturan oba bolaýmasa, töwereginde düýe otlap, dowar sürüsi gezer ýörerdi. Häzir mermer zawody, «Türkmendemir önümleri» kärhanasy, pagta çigidini gaýtadan işleýän zawod... gepiň keltesi, seteran duran desgalaryň ornunda peşmekler togalanar durardy.
Ösen senagat-industrial döwlete öwrülýän Türkmenistan häzir howurly hem ümmülmez Garagumuň içinde iň aňrybaş tehnologiýaly, çylşyrymly önümçilik pudakly, ýagny tebigy gazdan benzin öndürýän kärhanany gurdy. Saglyk bolup dursa, ol desga ýene-de sanlyja wagtdan dabaraly açylyp, önüm berip başlar. «Türkmenistanda öndürildi» belgili ol haryt dünýä bazarynda iň arzyly orny eýelär. Şonda alysdan-ýakyndan gelip, Garagumuň tyllaýy çägesini, geň-enaýy depegollaryny synlajaklar zamananyň täze «eserini» gözi bilen görüp, türkmen Lideriniň tutumyna «aperin» aýdarlar.
...Gulagymyzda galan gürrüňlere görä, Hydyr ata aglaba çölde, ýagny Garagumuň gollarynyň, depe-düzleriniň içinde duşarmyş, özem sataşyp, arzuwyňy-hyýalyňy aýtsaň, derhal bitirermiş. Geliň, ertekiler dünýäsinden, hyýalbentlikden aýňalalyň-da, gözümiziň görýän wakasyna syn edeliň! Ol hakykat şeýle: «Meniň bar aladam halkym bolar» diýýän milli Lider ertekini bitýän durmuş dowamatyna, ýagny çyna öwürýär. Ynha, döwrüň beýik eseriniň ajaýyp mazmuny: Garagumuň depegollarynyň arasynda düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna tutuş bir şäherçe gurlar. Özem «görseň gözüň ýagyny iýip barýar» diýdirjek ol şäherçede ilki bilen nesiller hakdaky döwlet syýasaty, intellektual şahsyýeti kemala getirmek baradaky täzeçillik, beden hem ruhy sagdynlygy bir jebislikde jemlejek taglym binýat bolup durandyr.
Türkmen aga şowly işlere başlanda «enşalla, görmäge gözümiz sag bolsun!» diýen ýagşy yryma uýýandyr. Garagumuň ak çägeleriniň depesinde öň hüýpüpikleriň sesi, mollatorgaýyň owazy ýaňlanan bolsa, indi ak mekdeplere çagyrýan jaň sesleri ýaňlanar.
Şeýle bir görnüşi göz öňüne getiriň! Seredeňde telpegiňi gaçyrýan beýik, kaşaňlygy «bäh» diýdirýän, ähli amatlyklary bolan ak mermerli ýaşaýyş jaýlaryndan ýüzük ýalyjak naşyja ogul-gyzlarynyň, agtyklarydyr çowluklarynyň eljagazlaryndan tutup, ene-atalar, babalar, mamalar çykar. Baryp-ha ak çägeleriň arasynda 564 gektara ýetjek ýaşaýyş jaýlarynyň 184-si bina ediler. Takyk sanlara geçireňde, bu 16 müň 614 öýli 15 gatly, şeýle hem 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary diýmekdir. Türkmen muňa «kerwen hatary ýaly» diýýär. Hawa, birwagtlarky kerwen ýollarynyň ugrunda, birmahalky kerwen düşleghanalarynda döwür indi başga hili görnüşi döredýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryndan jemi 74 müň 800 maşgala gülüp-oýnap girip çykar.
Her biri 88 öýli 15 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 72-si bolup, şolaryň 28-si üç otagly, 60-sy bolsa 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Anyk aýdanda, bu jaýlar jemi 6 müň 336 maşgala niýetlenilendir.
Bu ýerde ululy-kiçili maşgalalara niýetlenen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 66-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolar jemi 96 sany bolup, 60-sy üç, 36-sy bolsa dört otagly öýlerdir. Ýenede iki toplumdan ybarat bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýlary jemi 4 müňe golaý öýden ybarat bolar.
Ilerden Köpetdagyň belent gerişlerini sypap gelýän, gaýradan ümmülmez çöli-sährany daraklap, goýnunda müň bir ot-çöpüň tenekar ysyny göterip gaýdan tereň öwüsginden kükregini dolduryp duruşlaryna gadyr-gymmat bilen saglyk-amanlyk soraşyp, «ýör onda goňşy, çagalar bagyna bolsa tirkeşip gidibereli!» diýşerler. Anyk aýdanda, gaty ýakyn wagtda Hydyr gezen çägeleriň içinde her biri 320 orunlyk çagalar bagynyň 8-si gurlar. Anyk sanlara geçirip aýdanda, olardan 2560 çaganyň gülki sesi, şadyýana owazy eşidiler.
Her biri 960 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy bina ediler. «Beýle kän-le?» diýip geňirgenmäň! Türkmen diýen millet çagaçyldyr, «çöp bol — köp bol» diýlen ýörelgä eýerýändir. Eýsem, ak otaglarda «altyn aşyk» — bäbejik kän bolsa ne armanyň! Olar balalar bagyndan soň ak mekdebiň ak işiginden baryp, bilimler kölüniň guwwaslary bolmaly, dogrumy?! Onsoň jemi 5760 okuwça niýetlenilen mekdepler jagyldajugul bolar duruberer.
...Garagumuň asmany akmaýaly gijelerini synlap gördüňizmi?! Haýran galarsyňyz. Ine, şeýle nurana gijelerde bagtdan püre-pür ojaklarda tutulýan toýlara barsaň iň arzyly myhman bolarsyň! Şonda täze gurlan Bagt köşgünden goşa gumry ýalyjak bolup gelýän ýaş juwanlary maňlaýyna syljaklar köp bolar: «Ylahym, şeýle toýlar bize-de nesip etdirsin, gapa ak kejebe düşüp, ak kejebe gitsin!»
Boş wagtyňy keýpihoş, başarnygyňy synaga salyp görjek bolsaň, baş üstüne, täzeje gurlan Medeniýet öýüniň saraý ýaly işiginden baryber.
Öňräk biri degşip şeýle diýýär: «Hassahanasyz oňup bolmaz, ýöne şolaryň içinde iň gowusy bäbekhanadyr». Garagumuň içinde guruljak şäherde dowamat-dowam owazy bolup gulaga degýän «iňňä-iňňä» sesi kän eşidiler. Şonuň üçin hem Saglyk öýleriniň ikisi gurlar.
Diňe bularam däl. Täze şähere şaglap duran ak ýol bilen sanlyja wagtda bararys. Şonda gurlan awtomobil duralgalaryň, hyzmat öýleriniň, 1 müň 500 orunlyk stadiony bolan sport toplumynyň, çagalar döredijilik merkeziniň, 48 gektara barabar meýdany bolan seýilgähi synlap gözüň doýmaz.
Häzirki zaman şähergurluşyk ülňülerine, inženerçilik-kommunikasiýa talaplaryna doly laýyk gelýän düzümleýin ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň, jemagat hojalyk binalarynyň, şeýle-de söwda merkezleriniň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy amala aşyrylar.
Ine, ertekilerdäkä meňzeş bu şähere gadamymyz düşende, biz hezreti Magtymgulynyň hemmeleriň ýadynda duran setirlerini sähelçe üýtgedip, şeýle diýeris:
— Hydyr gezen çölde iller ýaýylmyş. Döwrüň demi, ýylyň heňi bilen deň goýan bu setirleriň tutuş süňňüni düzýän ajap hem müdimi eser bolsa hormatly Prezidentimi z Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasyndan, il-gün, iň esasam, ertirki nesil hakdaky nurana taglymyndan döreýändir.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
12.01.2019ý.