BEREKETLI TOPRAGYŇ BOLÇULYGY

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hususyýetçiliginiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly üns berýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň, ýeňillikleriň netijesinde hususy telekeçilikde gurlup ulanylmaga berilýän köp sanly önümçilik desgalary — iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, sowadyjy ammarlar, balykçylyk hojalyklary, ýyladyşhanalar, gaýtadan işleýän kärhanalar bu günki gün halkymyzyň hyzmatynda.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümler bilen üpjün etmek babatda tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen Mary welaýatynyň telekeçileri hem irginsiz zähmet çekýärler. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde Mary etrabynyň çäginde ýylda 500 tonna gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýyladyşhana «Sada türkmen» hususy kärhanasyna degişlidir.

3 gektar ýeri öz içine alýan ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýyladyşhananyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra Mary welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä gatnaşanlaryň göwünlerini has-da galkyndyrdy.

Gurlup ulanylmaga berlen döwrebap ýyladyşhanada dünýäniň ösen döwletleriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylypdyr. Olarda ösdürilip ýetişdirilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşar.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanýan, ilatymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk önümleri bilen üpjün edýän türkmen telekeçilerine guwanç hem buýsanç barha artýar.

Mähri BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

10.01.2019ý.

Meňzeş habarlar