YKDYSADYÝETIŇ BERK BINÝADY

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan berk bolmagy üçin öz goşantlaryny goşýan türkmen telekeçileri ýene-de bir önüm öndürýän uly kärhanany halka ulanmaga berdi. Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde «Eşretli kenar» hususy kärhanasynyň polietilen paket we polipropilen turba önümlerini öndürýän önümçilik desgasy açyldy. Bu kärhanada ýurdumyzyň dükanlarynda, söwda nokatlarynda giňden ulanylýan paketler, ýyladyşhanalar üçin polietilen plýonkalar, şeýle hem gurluşykda ulanylýan izolýasiýa plýonkalar, dokma pudagynyň önümlerini gaplamakda ulanylýan paketler öndürilýär. Munuň bilen birlikde ýurdumyzda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli gyzgyn we sowuk suw geçiriji plastiki turbalaryň diametri 20 millimetrden başlap, 63 millimetre çenli bolan ölçeglerde önümçilik amala aşyrylýar. Önümleri öndürmekde ulanylýan ýerli çig mal serişdeleri bolup, olar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen açylan Balkan welaýatyndaky Gyýanly polimer zawodyndan we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.

Kärhanada öndürilýän önümleriň 60 göterimini içerki bazarlarda ýerlemeklik, 40 göterimini bolsa daşary ýurt bazarlaryna eksport etmeklik meýilleşdirilýär. Dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhananyň geljekde kuwwatlylygyny has-da artdyrmak maksady bilen polipropilen halta önümçiligi hem ýola goýlar. Şeýle hem bu kärhanada zähmet çekýänleriň aglaba böleginiň ýaşlardygy guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Resul BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

10.01.2019ý.

Öňki makala

GULBABA BAGŞY

Meňzeş habarlar