ARKADAG ŞÄHERI – GELJEGIŇ ŞÄHERI

Düýn Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Arkadag şäheriniň açylanyna 2 ýylyň dolmagy mynasybetli şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän, okap bilim alýan öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlaryň şäheri – ýaşlaryň mizemez buýsanjy» atly brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda täsirli söhbetler edilip, olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni, ykdysady, ulag-üstaşyr, nebit we gaz pudaklarynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler, şol sanda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler dogrusynda anyk maglumatlar esasynda gürrüňler edildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk, «Akylly şäher» konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri bolsa, ýokarda beýan edilen ösüşleriň ählisini özünde jemlemek bilen, bu ýerde zähmet çekýän, okap bilim alýan raýatlaryň ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy, dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan edara-kärhanalarynda zähmet çekmekleri, bilim almaklary, ylym bilen meşgullanmaklary, medeniýetli dynç almaklary üçin ähli zerur mümkinçilikleriň üpjün edilen ajaýyp şäheridir. Şular dogrusyndaky buýsançly söhbetleriň her birinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri hem beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň adyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar