ARKADAG ŞÄHERINIŇ DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERI – ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIK ESERLERINDE

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Arkadag şäheriniň açylanyna 2 ýylyň dolmagy mynasybetli «Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bu bäsleşigiň jemi jemlenilip, ýeňijiler yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlarda halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek, mundan beýläk-de belent borjumyz we baş maksadymyz bolmalydyr» diýip, belläp geçýär. Bu möhüm wezipeden ugur alyp, geçirilen bu bäsleşigiň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän, «ýaşyl» tehnologiýalara we iň täze innowasion çözgütlere daýanylyp gurlan Arkadag şäheriniň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini, kämil arhitektura we gurluş aýratynlyklaryny açyp görkezmekden, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, şeýle-de zehinli türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň umumy düzgünlerine laýyklykda bu bäsleşige 14 – 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşik döredijiligiň nakgaşçylyk ugry boýunça geçirildi. Onda oňa gatnaşyjy ýaş nakgaşlar «Arkadag şäheri – innowasion çözgütleriň şäheri», «Arkadag şäheri – behişdi bedewleriň mekany», «Arkadag şäheri – ýaşyl tehnologiýalar şäheri» atly şygarlar esasynda surat eserlerini hödürlediler.

Bäsleşige hödürlenen işleri seljermek emin agzalaryna ýeňil düşmedi. Baý mazmuna eýe bolan eserlerde Arkadag şäherimiziň döwrebap mümkinçilikleri, akylly çözgütleri özüniň mynasyp ornuny tapypdyr.

Bäsleşigiň netijesi boýunça, baş baýraga Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby Ogulşat Saparowa, birinji orna Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Agamyrat Jumagulyýew, ikinji orna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby Gülnabat Annanurowa hem-de baýrakly üçünji orna Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Güljeren Annannazarowa dagy mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan ýaşlaryň her birine  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar