Ýakynda Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de Balkanabat şäher Polisiýa müdirliginiň guramagynda «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli baýramçylyk günlerinde ýaşlaryň tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi babatynda ähli şertleriň döredilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Mundan başga-da, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini sargap, mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň tertip-düzgüni berjaý etmeklerini, jenaýatçylykly hereketlerden, ýaramaz pişelerden daşda durmaklaryny ündediler.
Oraz MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.