Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda parahat döwrümiziň waspyny belentden beýan etmek maksady bilen, «Türkmenistan – parahatçylygyň mekany» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at owazasy dünýä dolan Watanymyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan bellemek boýunça geçirilýän çäreler, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, parahatçylygyň, abadançylygyň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Nurjemal NEPESOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.