Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlige Türkmen döwlet Binagärlik institutynyň mugallymy we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Aşgabat” teleýaýlymynyň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna amala aşyran iş sapary hem-de bu ýerde 4 — 8-nji awgust aralygynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkitjekdigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.