WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýä belli ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çärä gatnaşanlar seýilgäh toplumynyň çäginde dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, çeper söz ussatlarynyň döredijiligi barada gyzykly gürrüňler etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda, parahat durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döredijilik bilen giňden meşgullanmagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI