SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna amala aşyran iş sapary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri barada gepleşik ýazgy edildi.

Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bilen bagly taýýarlyk işleri, onlaýn duşuşyklar, maslahatlar, teklipler barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň asuda abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI