Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 96-njy orta mekdebinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini has-da güýçlendirmek, olaryň sanly ulgam boýunça düşünjesini ýokarlandyrmak, internet ulgamyny ýerlikli peýdalanmaklaryny hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemek, edep-ekramly, ahlak taýdan arassa, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bilen bagly birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülnara GURBANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.