WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň guramagynda paýtagtymyzyň 79-njy orta mekdebinde okuwçylaryň gatnaşmagynda “Sagdyn durmuş ýörelgesi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen halkyna mahsus mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, dünýägaraýşyny giňeltmek, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek, okuw ýylyny tamamlaýan uçurymlary durmuş ýoluna taýýarlamak we olary öz saýlap alan hünärleri boýunça ýokary okuw jaýlaryna ugrukdyrmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Batyr BEGENJOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar