Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulýar şeýle hem ýurt baştutanymyzyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmündäki abraýyny barha artdyrýar, ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige has doly açýar. Ýurdumyzyň her bir güni guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny wagyz etmekde hem uly işler alnyp barylýar. Halkara ylmy bileleşigiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalara gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýar. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bar. Olar dünýäde giňden ykrar edildi. Şeýlelikde, medeni mirasymyzy öwreniji, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky gymmatly maglumatlary toplaýjy toparlar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, etraplarynda, çetki obalarynda bolup, halkymyzyň baý medeni mirasyna, halk tejribesine, diline, taryhyna, milli hünärmentçiligine, halk çeperçilik sungatyna, asylly däp-dessuryna, halk döredijiligine degişli maglumatlary toplamak işleri dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň köki geçmişiň müňýyllyklarynyň gatlaryna siňip gidýän örän baý we gadymy taryhynyň bolmagy adamzat taryhynyň iň gadymy siwilizasiýalarynyň döremeginde, halklaryň medeni-ylmy gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, maddy we medeni-ruhy gymmatlyklaryň alşyp-çalşylmagynda dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkynyň mizemez baýlygydyr. Biz ýaşlara okamaga, gurmaga, döretmäge medeni mirasymyzy dünýä ýaýmaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatyny Ak bugdaý
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.