Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýän, bedew bady bilen ösüp ýagty geljege we eşretli durmuşa barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni eziz Diýarymyzda uludan bellenilýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasy bolsa, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ony düýpli özgertmek ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy kesgitleýär.
Adam üçin başyň täjine deňelýän saglyk hemme zatdan, ähli aladalardan ýokarda durmak bilen, islendik wagt döwrüň we jemgyýetiň derwaýys meselesi bolup durýar. Şonuň üçin hem halk arasynda «Saglyk – beglik», «Jan saglygy bolmasa, dünýäniň giňliginden ne peýda» ýaly ajaýyp dürdäne setirler ýöne ýere döremändir. Hatda adamlar islendik zadyň başyna baranlarynda «Jan saglygy bolsun, başga zadyň bir alajy bolar» diýip aýdýarlar. Şeýlelikde, adamzat ähli zadyň sakasynda saglygy goýýar. Iň esasy mesele bolsa, döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, onuň nesilleriniň geljegi hakyndaky, halkymyzyň hemişe ruhubelent ýaşamagy hakdaky aladalardyr. Ýurdumyzda adamlaryň jan saglygyny goramak we bu babatda ähli oňyn şertleri döretmek, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek baş maksat bolup durýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş binalary, hut şu asylly maksatlary durmuşa geçirmegiň aýdyň beýanydyr.
Döwrebap saglygy goraýyş merkezleri zähmet çekmegiň iň amatly we oňyn şertlerini özünde jemleýär we olarda dürli keselleri anyklamaga, bejermäge, keselleriň öňüni almaga ýardam berýän ähli şertler döredilendir. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bolsa, yhlasly we tutanýerli zähmet çekýärler. Öz wezipelerini ak ýürekden ýerine ýetirip, raýatlarymyzyň jan saglygyny goramakda mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlary we jöwher paýhasyndan dörän dürdäne kitaplary ýol-ýörelgedir. Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny okan her bir okyjy ondaky türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gory, dermanlyk çig maly, dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemleridir derman serişdelerini taýýarlamagyň, olary ulanmagyň usullary baradaky anyk maglumatlary öwrenip bilinýär. Elbetde, şol nusgalyk kitaplarda beýan edilýän, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümliklerinden öndürilen dermanlar we melhem çaýlar dermanhanalarda halkymyza ýetirilýär.
Garaşsyz Diýarymyzda ilatyň saglygy, ýaşaýyş-durmuş abadançylygy babatda amala aşyrylan beýik işler, milli saglyk ulgamyny özgertmekde gazanylan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent tutumlary elmydama rowaç alsyn!
Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.