HOŞNIÝETLI ÝÖRELGELER

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 10-12-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyza daşary ýurt myhmanlaryň sapary boldy. Daşary ýurt myhmanlar ýurdumyzyň ajaýyp gözel ýerlerine, owadan tebigatyna, milli muzeýlerine gezelenç etdiler. Dabaranyň başlanýan gününde bolsa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara sergisine we ylmy maslahatyna işjeňlik mahsus boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňündäki meýdançada aýdym-saz toparlary çykyş etdiler. Dabaranyň çäginde myhmanlar serginiň ekspozisiýalaryna aýlanyp gördüler. Ajaýyp sergide ýurdumyzyň türkmen telekeçileriniň dürli önümleri, hojalyk harytlary, ýurdumyzda öndürilýän mata önümleri bilen tapawutlandy. Geçirilýän dabarada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň asuda, parahat ýurdumyzy wasp edýän eserleri sergilenip görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň ugurlary zergärçilik hem-de külalçylyk önümleri, binagärlik taslamalary, heýkel eserleri, dizaýn taslamalary, nakgaşçylyk eserleri serginiň esasyny düzdi. Döredijilik eserlerinden sungatyň zergärçilik önümi bolan  owadan gaşlar bilen sünnäläp ýasalan tawus, sülgün guşlaryň keşbi, tabagyň içinde ir-iýmişleriň dürli görnüşleri, dik sütün atly ritonlar bilen gurşalyp, ýurdumyzyň kartasyny we ýer şaryny hem-de ganatyny gerip duran bäş sany ak kepderiniň  parahatçylygy, agzybirligi aňladýan eserleri bezeg aýratynlygy bilen tapawutlandy. Sungat ojagymyzyň binagärlik kafedrasynyň uçurymlarynyň döreden Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerine bagyşlanyp «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly – dünýäniň akyldary», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri»  ýaly  işleri çäräniň ady bilen baglanyp sergini görklendirdi. Sergidäki nakgaşçylyk eserleri häzirki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy baýlygy diýlip yglan edilen adamyň saglygyny goramak, sagdyn we ruhubelent ýaş nesli terbiýelemek, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlaryny şekillendirýär. Soňra «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň işi dowam etdi.

Tawus GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri.

Meňzeş habarlar

10 Oktýabr 2025 | 25 okalan

HOŞNIÝETLI ÝÖRELGELER

10 Oktýabr 2025 | 22 okalan

SAGLYK ÝAŞAÝŞYŇ ÇEŞMESI