DAÝHANÇYLYK

Ata-babalarymyz öz rysgal-döwletini halal zähmetden, ene ýerden tapypdyrlar. Şeýle işleriň netijesinde uzak asyrlaryň dowamynda daýhançylygyň milli däpleri döräp, durmuşa ornaşdyrylypdyr. Ol däpler milli ýol-ýörelge akabasyna goşulyp, halk içinde dowam edip gelipdir. Halkymyzyň täze ekiş işleri başlanyp, ýere tohum sepilende, orak orlup, hasyl ýygnalanda: «Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip başlamagy, ekiniň hasylly bolmagyny diläp, sadaka aýtmagy, harmanyň iň soňky gysym dänesini: «Bu hem guşlaryň haky» diýip, meýdana sepmegi bu işleri açyk göwün bilen ynama besländigini görkezýär. Milli ýörelgelere laýyklykda daýhanlaryň arasynda öz öndüren dänesiniň bereketli bolmagy niýet edilip, «Bugdaýymyz çörekläpdir» diýler ekeni. Bugdaýyň maýsa bolup başlandygyny ilkinji bolup kim buşlasa, oňa sowgat hökmünde keşdelenilen jambörük geýdirilipdir. Ýere yhlas edýän her bir daýhanyň baş arzuwy, owaly bilen, gögeriş gazanmak bolupdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, ekişe taýýarlanan ýeriň sürülmegine, taba gelmegine, ekişe taýýar bolmagyna üns berlipdir. Pederlerimiz hakyky taba gelen ýerde sürüm döwründe saý-sebäp bilen ýere düşen tohumyň elin sepiljek tohumdan öň gögerýändigine ynam edipdirler.

Suw damjasyny altyn dänesine deňän pederlerimiz ýagyş ýagyp durka, ýer-ýurduň bereketli bolmagy üçin ýagşy niýet bilen: «Goýnuň gözünden, düýäniň dyzyndan bolýança ýag» diýipdirler. Ýyla ýeter ýaly galla edinmek daýhanyň baş aladasy bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen pasly-döwran aýlanyp, ak meýdanlarda ak bugdaý, gülap, ak zine, ak ýazlyk, gyzyl ýazlyk. ýaly bugdaýyň onlarça görnüşi bogunlanyp-beslenip ýetişýär. Şonda daýhanlarymyz «Çäjiňe bereket!» diýip, bol hasyly dileg edip, harmanyň gyzylyny ýüze sylmak bilen, bir-birini gutlaýarlar. Daýhançylyk däpleri halkymyzyň milli ýörelgesiniň aýdyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu däpleriň häzirki döwürde dowam etmegi milli ýol-ýörelgelere goýulýan sarpadyr. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň döwrebap ylmyň gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň işiniň ilerlemeginiň baş şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kärendeçileri bereketli hasyl ýetişdirmegiň häzirki zaman usullaryny işjeň özleşdirýärler. Şeýlelikde, Diýarymyzda halal zähmete bil baglaýan daýhanlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Mälim bolşy ýaly, «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki hukuk namalarynyň esasynda ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şeýle hem önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Munuň özi ýurdumyzda oba hojalygyny döwrebap ösdürmekde alnyp barylýan döwletli işleriň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Aýjahan MOLLAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 7 okalan

DAÝHANÇYLYK