Ýakyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goňşy döwletlere dostlukly saparlary bilen bagly “Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdiler.
Söhbetdeşlik duşuşygyna gatnaşan myhmanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny beýgeltmäge, ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwletler Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan Respublikalaryna bolan dostlukly saparlary hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrmakda, türkmen halkynyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merdan ORAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.