Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmen—Ýapon hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykýar” ady bilen Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebinde brifing duşuşygyny geçirdiler.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa döwletinde iş saparynda bolup, “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk esasynda gazanylan tejribeler hakynda çykyşlar edildi. Çykyş edenler türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere tarap gadam goýýandygyny aýratyn nygtadylar
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Döwran MYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.