ÇAWY DÜNÝÄ ÝAÝRAN TÜRKMEN BEDEWI

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde eziz Diýarymyzda çawy dünýä dolan Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli halkara maslahatlary, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly çäreleri, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi, dürli aralyklarda at çapyşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilip, ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň Geňeşleri bilelikde guradylar.

«Ýyndamlykda belli türkmen bedewi» atly aýdym-sazly brifing duşuşygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa alyp bardy we bu duşuşykda Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň uly mugallymy, Oba hojalyk ylymlarynyň kondidaty, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Myrat Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Ogulbäbek Baýmyradowa, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň halkara hyzmatlary boýunça hünärmeni Dilber Atajanowa, «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri Gülşat Meredowa hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Rüstem Ataýew dagy çykyş etdiler.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmekde, milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmakda, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda durmuşa geçirilýäni barada buýsançly söhbetler edildi. Türkmen bedewleriniň gelip çykyşy, taryhy barada getirilen gymmatly maglumatlar, şol sanda grek taryhçysy Geradodyň «Taryh», grek taryhçysy we geografy Strabonyň «Geografiýa» hem-de wenger syýahatçysy Armeni Wamberiniň eserlerinde beýan edilýän türkmen ahalteke bedewleri baradaky pikir-garaýyşlar, şeýle-de türkmen halk nakyllarydyr atalar sözleriniň ähmiýeti baradaky täsirli söhbetler duşuşyga gatnaşyjy ýaşlaryň her birinde uly gyzyklanma döretdi.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergisi brifing duşuşygynyň şowhunyny we gözelligini artdyrdy. Brifing duşuşygy bedew atlar barada gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sorag-jogaplary bilen dowam etdi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata-babalarymyzyň uçar ganatyna deňeýän türkmen ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI