MAGTYMGULY — PAÝHAS HAZYNASY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda “Magtymguly — paýhas hazynasy” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda geçirilip, onda talyplar surat eserini çekmek boýunça bäsleşdiler.

Magtymguly Pyragynyň ata Watany söýmek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, adam mertebesini belende götermek ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň kalbynda hemişelik orun alýar. Akyldar şahyryň ahlak, watançylyk, mertlik hakyndaky şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, türkmen milli sungatynyň ýokary derejede dabaralanmagy ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Merjen MUHAMMETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI