Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ýagşymyrat Annadurdyýew gatnaşdy.
Gepleşigiň dowamynda aýdymçy tarapyndan “Barlygyň”, “Dildarym”, “Gülnara”, “Garaşýan”, “Mährijemal”, “Gökdepäm”, “Saýat”, “Ýarym”, “Arkadag” atly ajaýyp we joşgunly aýdymlary ýerine ýetirildi. Täsirli geçen söhbetdeşlikde ýaş aýdymçy bilen onuň döredijiligi barada gyzykly gürrüňler edildi.
Gepleşigiň ahyrynda ýaş zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgat gowşurylyp, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
Aýjahan MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.