WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 141-nji orta mekdebiniň okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we dürli pudakda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak hakynda gürrüň edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýna GELDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI