WAGYZ — NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy toplumda zähmet çekýän işgärleriň arasynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýen ýörelgäni yglan eden ýurdumyzda türkmen halkynyň saglygyny goramakda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmegiň bedeni hemmetaraplaýyn taplaýandygy, sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada gürrüň edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Güljahan HOJAMMAÝEWA,

Türkmenbaşy jins toplumynyň Magtymguly

adyndaky IÝG-niň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 0 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

16 Iýul 2025 | 0 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI