Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Belent maksatly ýaşlar — kämilligiň gözleginde” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda şeýle duşuşyklar ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, ýaş nesilleriň arasynda milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek hem-de ýaşlaryň arasynda kitap okamaga bolan söýgüni döretmek maksady bilen geçirilýär. Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda geçirilen bu duşuşyk hem örän täsirli boldy. Talyp-ýaşlar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, özleriniň saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gülaýym AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.