ÝURDUMYZ BAGY BOSSANLYGA ÖWRÜLÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan giň gerimli işlerinden görnüşi ýaly her ýyl ýurdumyzyň ähli künjegi bilen bir hatarda Mary welaýatynda hem ýylyň bahar, güýz aýlarynda   ählihalk  bag ekmek, öňki bar bolan baglara ideg etmek çäresini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şol asylly däp boýunça golaýda Mary welaýatynyň  Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri hem bu çäre işjeň gatnaşdylar.

Olar ata Watanymyz Türkmenistany bagy-bossanlyga besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Maksat BÄŞIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI