PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny  ösdürmek, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny beýan etmekden ybarat boldy.

Şäheriň 3-nji orta mekdebinde guralan bu bäsleşige zehinli okuwçylar gatnaşyp, olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşini, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri we ýetilen sepgitleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlaryny, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbini wasp edýän maketlerini, surat eserlerini we düzmelerini hödürlediler. Netijede, ýörite düzülen emin agzalarynyň toparynyň adalatly baha bermeginde maket ýasamak boýunça şäheriň 27-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ogulşat Hojaýewa 1-nji, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Tirkiş Täçmämmedow 2-nji, 5-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gülnur Mergenowa 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň surat çekmek görnüşi boýunça şäheriň 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Nuranaý Pälwanowa 1-nji, 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Leýli Amansähedowa 2-nji, şol mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mahym Ýakubowa 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Şeýle-de, bäsleşigiň düzme ýazmak görnüşi boýunça şäheriň 7-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Azadyýewa 1-nji, 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mähri Gurbannazarowa 2-nji, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Enejan Ýazdurdyýewa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan zehinli ýaşlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar we olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Noýabr 2025 | 22 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

04 Noýabr 2025 | 15 okalan

BITARAPLYK — BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

03 Noýabr 2025 | 41 okalan

ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT