DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Çagalaryň gözýetimi dünýägaraýşy” atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşik mekdebe çenli çagalaryň we umumy bilim berýän okuwçylaryň arasynda geçirilip, olar üç ugur boýunça ýagny: Türkmen milli oýunlary, aýdym-saz we tans sungaty hem-de amaly haşam sungaty boýunça bäsleşdiler. Gyzykly we çekeleşikli geçen bu bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan çagalar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşan çagalar şeýle döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny aýtdylar.

Laçyn KAKAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI