HOŞ GELDIŇ NOWRUZUM GÖZEL DIÝARA

Golaýda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň we etrapdaky 37-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Hoş geldiň Nowruzum gözel Diýara» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresinde türkmen halkynyň milliligini, däp-dessurlaryny açyp görkezýän egin-eşiklerimizden hem-de saz guralymyz bolan dutardan, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de, bu ýerde okuwçylar aýdymdyr sazlary, degişme sahnalary ýerine ýetirip, dabara gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdylar.

Täsirli hem şowhunly geçen baýramçylyk çäresine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Jeren BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI