NOWRUZ GELDI ILIME

Ýakynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 1-nji orta mekdepde bilim alýan okuwçy gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen «Nowruz geldi ilime» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzlar öz aralarynda  üç topara bölnüp bäsleşdiler. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň bellenilişi şeýle-de Nowruzyň nagmalary barada çykyş etdiler. Bäsleşik örän çekeleşiki geçip, mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Selbi Orazdurdyýewa 1-nji, 11-nji synp okuwçysy Şemşat Körpäýewa 2-nji, 10-njy synp okuwçysy Ogulbagt Gandyýewa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan okuwçylara TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda okuwçy gyzjagazlar bagtyýar zamananyň goýnunda bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýtdylar.

Hallygözel AGAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI