Bahar paslynyň gelmegi bilen jümle jahan läle-reýhana, ýaşyl reňke beslenýär. Tebigatymyz gözel görke gelýär. Bu paslyň many-mazmuny, has dogrusy, gyzygy Nowruz baýramy bilen baglanyşyklydyr. Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramyny halkymyz uly baýram edip bellemegi indi adat edinipdir.
Ajaýyp baýramçylyk günlerinde Nowruz desterhanynda semeni aýratyn orny eýeleýär. Ol “Äşe-Patmanyň aşy” diýlip atlandyrylýar. Aýdylşyna görä, bu tagamyň döremegine ekiz doganlar Äşedir Patma sebäp bolupdyr. Günleriň birinde Patma hamyla çagynda Äşelere myhmançylyga barypdyr. Uýasynyň halynyň teňdigini duýan Äşe Patma garap: “Dogan jan, halyň teňle, geleliň bäri duzam dadaňok” diýipdir. Ol semeni taýýarlap, Patmanyň öňünde goýupdyr. Üýtgeşik tagamly, ýaz gülüniň ysyny berýän semeni Patmanyň derdine derman bolupdyr. Ine şondan soň semeni “Äşe-Patmanyň aşy” diýlip halk arasynda meşhur bolupdyr.
Semeniniň adynyň gelip çykyşy barada käbir gyzykly maglumatlar bar. Alym Mehmet Hüseýin Tehmasynyň pikirine görä, “semeni” sözi “Awestada” ömür, bakylyk güli hökmünde nygtalýan haom-sem-sem ösümliginiň ady esasynda döräpdir. Bu gülüň baharda açylýandygyna üns beren alym onuň adynyň “Ýasenem” atly ösümligiň hatyrasyna dörän bolmagynyň mümkindigini hem belläp geçýär. Bu güli gudratly ösümlik hökmünde garalmagynyň esasy sebäpleriniň biri-de onuň juda seýrek gabat gelýändigi bilen düşündirilýär.
Şu ýerde Äşe tarapyndan taýýarlanylan we Patmanyň derdine şypa bolan tagamyň semeni adynyň sem-sem, ýasenem gülleriniň ady bilen baglanşykly dörän bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklama döreýär. Dogrusy, bu adyň Nowruz däbi bilen baglanyşyklydygy, Nowruzyň bolsa, juda gadymy baýramlaryň biridigi äşgär bolýar.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.