EDEBI MIRASYMYZ – EBEDI MIRASYMYZ

Golaýda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher hem-de Murgap etrap Geňeşleriniň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän Gadymy Merw döwlet medeni-taryhy goraghanasyna «Edebi mirasymyz – ebedi mirasymyz» atly gezelenç guraldy.

Gezelençde Baýramaly şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Rejep Paçtyýew hem-de 17-nji orta mekdebiň mugallymy Mekan Saparlyýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda gadymy Merw şäheriniň müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp galandygy, häzirki wagtda ýurdumyzda taryhy we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we bu ýerdäki taryhy ýerlere gezelenç etdiler.

Gezelenje gatnaşyjylar milli medeni mirasymyza sarpa goýýan, türkmen ýaşlaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Aýsona GELDIMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI