«ZENANYŇ SESI – ZEMINIŇ SESI»

Ýakynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 2-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Zenanyň sesi – zeminiň sesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, IÝG-niň başlygy Maral Garahanowa hem-de şol mekdebiň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň agzasy Medine Hojaýewa çykyş edip, olar ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, şeýle-de, el işleriniň ähmiýeti, milli medeniýetimiz, sungatymyz, däp-dessurlarymyz barada giňişleýin gürrüň etdiler we okuwçy gyzlaryň arasynda el hünäri bilen meşgullanmagyň uly sungatdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Orazjemal BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI