Golaýda Mary welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Baýramçylyk röwüşde bezelen meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlara tomaşa edildi. Dabarada ýerine ýetirilen aýdymlar Nowruzyň buşlukçysy kimin ýaňlandy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar il-günümiz üçin uly aladalary edýän, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, milli baýramçylyklarymyzyň giňden bellenilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýtdylar.
Maksat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.