Ýakynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 22-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçy gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen «Dokma dokar ellerim» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzlar öz aralarynda iki – «Eli çeper gyzlar» we «Eli hünärli gyzlar» atly toparlara bölünip bäsleşdiler. Bäsleşik örän çekeleşikli geçdi. Onda «Eli hünärli gyzlar» topary ýeňiji bolup, olara TMÝG-niň etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda okuwçy gyzjagazlar bagtyýar zamananyň goýnunda bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Sülgün ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.