«RYSGAL-DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY»

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Garagum we Mary etrap Geňeşleriniň we Miras teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň ýaşaýjysy Sapardurdy Hanowyň hojalygynda ýaşlaryň arasynda milli mirasymyzy wagyz etmek hem-de türkmeniň mukaddes tamdyrynyň ýasalyşyny düşündirmek maksady bilen «Rysgal-döwletliligiň nyşany»  atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Sapardurdy Hanow tamdyr ýasamagyň yhlasy, ezberligi talap edýändigini aýdyp, tamdyry dikeltmegiň inçe syrlaryny gürrüň berdi. Munuň bilen birlikde tamdyr bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milli mirasyny ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edildi.

Gülnar GURBANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

24 Iýun 2025 | 1 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI